“Gaza Sektorynda 108 Žurnalist Öýlerine Atylan Bombalar Sebäpli Öldürildi”

“Gaza Sektorynda 108 Žurnalist Öýlerine Atylan Bombalar Sebäpli Öldürildi”

Kolumbiýanyň Prezidenti Gustawo Petro, Ysraýylyň hüjümleri sebäpli ýogalan žurnalistler hakynda beren beýannamasynda “Gaza Sektorynda 108 žurnalist öýlerine atylan bombalar sebäpli öldürildi” diýdi.

Petro, sosial mediadan beren habarnamasynda, Ysraýylyň Gaza Sektoryna guraýan hüjümlerinde ýogalan Mustafa Süreýýa bilen Hamza ad Dahduhyň foto suratlaryna ýer berdi.

Prezident Petro, “Gaza Sektorynda 108 žurnalist öýlerine atylan bombalar sebäpli öldürildi” diýdi.

Ysraýylyň harby uçarlarynyň 7-nji ýanwarda Han Ýunus şäherinde guran hüjüminde žurnalistlar Hamza ad Dahduh bilen Mustafa Süreýýa ýogalypdy.

Gazadaky hökümet tarapyndan berlen beýannamada, Ysraýylyň hüjümleri sebäpli 7-nji oktýabrdan bäri Gazada 109 žurnalistiň öldürlendigi nygtaldy.

Ýene degişli makalalar

28-nji oktýabrda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
Daşary Ýurtlardaky Türk Raýatlary Ses Bermäge Başlady
Şotlandiýanyň Täze Premýer-ministri Hamza Ýusuf Kasam Edip Wezipesine Başlady
Terrorçy Mehmet Ýyldyrym Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi
Yragyň Iň Uzyn Köprüsi Çökdi
Asyryň Betbagtçylygyndan umytly habarlar gelmäge dowam edýär