Gaza Sektorunda Çaga Ysmazy Boýunça Sanjym Kampaniýasy Dowam Edýär

Gaza Sektorunda Çaga Ysmazy Boýunça Sanjym Kampaniýasy Dowam Edýär

Gaza Sektorundaky Palestinanyň Saglygy goraýyş ministrliginden berilen ýazmaça beýannamada Gaza Sektorunda çaga ysmazyna garşy sanjym kampaniýasynyň birinji tapgyrynyň 189,551 çaganyň sanjymlanmagy bilen düýn tamamlanandygy mälim edildi.

Birinji tapgyryň Gaza Sektorunyň merkezi etraplaryny öz içine alandygyna üns çekilýän beýannamada, kampaniýa möhletiniň dowamynda bu sebitde 4 saglyk öýünde sanjymlamanyň dowam etjekdigi habar berildi.

Beýannamada çaga ysmazyna garşy sanjymlama kampaniýasynyň 2-nji tapgyrynyň bolsa şu gün başlajakdygy nygtalyp, kampaniýanyň Gaza Sektorunyň günortasyndaky Han Ýunus we Rafah şäherlerini öz içine alýandygy mälim edildi.

Ysraýylyň Gaza Sektoruna hüjümlerini dowam etdirýändigine garamazdan Han Ýunus şäherinde 10 ýaşyna ýetmedik çagalar üçin çaga ysmazy sanjymlama kampaniýasy 31-nji awgustda başlapdy.

Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň Palestinadaky Wekili Rik Piperkorn sanjymlama kampaniýasynyň 2 tapgyrdan ybarat boljakdygyny beýan edipdi.

Palestinanyň Saglygy goraýyş ministrligi 16-njy awgustda Gaza Sektorunda ilkinji çaga ysmazynyň anyklanandygyny habar beripdi.

Ýene degişli makalalar

Ysraýyl 9 Palestinalyny Boşatdy
Genosid jenaýatçysy Ysraýyl Gazada asuda ilata hüjüm guramaga dowam edýär
Ysraýyl Gazada guran hüjüminde TRT-niň işgäri ýaralandy
Ysraýyl Gazada Edýän Gyrgynçylygyny Dowam Etdirýär
Genosid jenaýatçysy Ysraýyl Gaza zolagyndaky gyrgynçylygyny dowam etdirýär
“Gaza Gitmek Üçin Taýarlyk Görýäris”