Gaza Häzire Çenli 54 Konteýnerlik Ynsanper Kömegi Berildi

Gaza Häzire Çenli 54 Konteýnerlik Ynsanper Kömegi Berildi

BMG, 21-nji oktýabrdan bäri Refah gümrük geçelgesinden Gaza 54 konteýnerlik ynsanperwer kömeginiň berlendigini mälim etdi.

BMG-nyň metbugat sekretary Stefan Dužarriç, gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakynda metbugata beýannama berdi.

Dužarriç, Gaza heniz ýangyç kömeginiň berilmändigine ünsi çekdi.

Dužarriç, BMG-nyň Ýakyn Gündogardaky Palestinaly bosgunlara ýardam gullugynda işleýän kärdeşleriniň ýangyçlarynyň gutarýandygy we diňe birnäçe günlük ýangyçlarynyň galandygy barada duýduryş berendiklerini belledi.

Dužarriç, 7-nji otýabrdan bäri Gazada elektrik togynyň ýokdygyny ýatladyp, esasan hassahanalaryň agyr günleri başdan geçirýändigini, 700 hassa mümkinçiligine eýe bolan Şypa hassahanasynda 5 müň adamyň bejergi alýandygyny nygtady.

Düýn Gaza 20 konteýnerlik ynsanperwer kömeginiň berlendigini aýdan Dužarriç, “21-nji oktýabrdan bäri Gaza giren konteýnerleriň sany 54-e ýetdi” diýdi.

Krizisden öň sebitde günde ortaça 450 ulaglyk ynsanperwer kömeginiň berlendigini aýdan Dužarriç, häzirki kömekleriň ýetmeýändigine ünsi çekdi.

BMG tarapyndan berlen ýazmaça beýannamada, Gaza 1 million 400 müňe golaý adamyň öýüni terk edendigi nygtaldy.

Hamasyň Kassam atly harby topary, 7-nji oktýabrda “Aksa Tupany” ady bilen giň gerimli hüjüm başladandygyny mälim edipdi.

Gazadan Ysraýyla garşy müňlerçe raketa atyldy, ýaragly toparlar hem sebitdäki ilatly ýerlere girdi.

Ysraýylyň harby goşuny hem harby uçarlar bilen Gazada “Demir Gylyçlar” operasiýasyny başladandygyny mälim edipdi.

Şol günden bäri dowam edýän çaknyşyklarda iki tarapdan hem müňlerçe adam ýogaldy.

Ýene degişli makalalar

Ýaponiýa Bilen Hytaýyň Arasynda Uçar Krizisi…
Galla Krizisiniň Çözülmegi Üçin Aragatnaşyk Ulgamy Döredildi
“Halkara Azyk Krizisiniň Çözülmegi Üçin BMG, Ukraina we Russiýa Bilen Aragatnaşyk Saklaýarys”
Eýrandaky sil apatynda ekin meýdanlaryna zyýan ýetdi
Sanksiýalaryň Bes Edilmegi Bilen Azyk Krizisi Çözüler
Eýranda çöken bina sebäpli ýogalan adamlaryň sany artdy