“Gaza Gitmek Üçin Taýarlyk Görýäris”

“Gaza Gitmek Üçin Taýarlyk Görýäris”

Palestinanyň Prezidenti Mahmud Abbas, Palestin hökümetiniň agzalarynyň Gaza gitmegi üçin taýarlyk görülýändigini nygtady.

Palestinanyň resmi habarlar gullugy WAFA-nyň berýän habaryna görä, Fetih hereketiniň merkezi komiteti Ramallahtda Abbasyň ýolbaşçyklyk etmeginde jemlenişdi.

Abbas maslahatda Merkezi komitetiň agzalarynyň Ysraýylyň Gaza we Günbatar Şeria guraýan hüjümleriniň bes edilmegi üçin Russiýa, Türkiýä we Saud Arabystanyna guran sapary hakynda maglumat berdi.

Abbas, söweşiň bes edilmegi we Palestin döwletiniň, Günbatar Şeria we Gündogar Iýerusalim ýaly Palestinanyň bitewi bölegi bolan Gazada ähli jogapkärçiligini öz üstüne almagy üçin Gaza guraljak sapar üçin taýarlyk görülýändigini belledi.

Fetih hereketiniň Merkezi komitetiniň agzalary bolsa dünýä liderlerine, Ysraýylyň ABŞ-nyň goldaw bermeginde Gaza guraýan hüjümleriniň öňüniň alynmagy üçin Gaza sapar guramaklary boýunça çagyryş berdi.

Palestinanyň Prezidenti Abbas, 15-nji awgustda TBMM-niň Baş Assambleýasynda eden çykyşynda, Gaza gitmek barada pikir edýändiklerini nygtap, “Öňümizde başga ýol galmady. Şol sebäpli hem men we palestin hökümetiniň ähli agzalary Gaza gitmek isleýäris” diýdipdi.

“Gaza giderin. Biziň janymyz Gazadaky çagalaryň janyndan süýji däl” diýen Abbas, BMG-nyň Howpsuzlyk geňeşine howpsuz ýagdaýda Gaza Sektoryna barmaklarynyň üpjün etmek üçin çagyryş beripdi.

Ýene degişli makalalar

“Gaza, soň bolsa paýtagtymyz Iýerusalime giderin”
"Biziň Janymyz Gazaly Çagalaryň Janyndan Süýji Däl”
"Gazada hemişelik parahatçylyk üçin her hili goşant goşmaga taýýardyrys"
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Prezident Erdogan Palestinanyň Prezidenti Abbas Bilen Duşuşdy
Mahmud Abbas Şu Gün Ankara Geler