Gaza Giren Ynsanperwer Kömek Konteýnerleriniň Sany 62-ä Ýetdi

Gaza Giren Ynsanperwer Kömek Konteýnerleriniň Sany 62-ä Ýetdi

Gaza üçin ynsanperwer kömegini alyp giden ýene-de 8 konteýner Refah gümrük geçelgesinden geçdi.

Palestina tarapyndan berlen ýazmaça beýannamada, Refah gümrük geçelgesinden 8 konteýnerden ybarat 4-nji ynsanperwer kömek kerweniniň Müsürden kabul edilip alynandygy ýatladyldy.

Beýannamada konteýnerlerin 5-de agyz suwynyň, 2-de azyk önümleriniň 1-de hem dermanyn bardygy nygtaldy.

Şeýlelikde Gaza giren ynsanperwer kömek konteýnerleriniň sany 62-ä ýetdi.

Hamasyň Kassam atly harby topary, 7-nji oktýabrda “Aksa Tupany” ady bilen giň gerimli hüjüm başladandygyny mälim edipdi.

Gazadan Ysraýyla garşy müňlerçe raketa atyldy, ýaragly toparlar hem sebitdäki ilatly ýerlere girdi.

Ysraýylyň harby goşuny hem harby uçarlar bilen Gazada “Demir Gylyçlar” operasiýasyny başladandygyny mälim edipdi.

Şol günden bäri dowam edýän çaknyşyklarda iki tarapdan hem müňlerçe adam ýogaldy.

Ýene degişli makalalar

Gazada Ýogalanlaryň Sany Artýar
Ysraýylyň Gaza garşy hüjümleri dowam edýär
Ysraýylyň goşuny Gazada asuda ilatly ýerleri nyşana alýar
Ysraýylyň Gaza sektoryndaky gyrgynçylyklary dowam edýär
Ysraýylyň hüjümlerinde soňky 24 sagatda ýene-de 187 palestinaly ýogaldy
Abu Ubeýde: "Ysraýylly ýesirleriň aglabasynyň ykballary näbelli" diýdi
Ysraýylyň goşunynyň Gazadaky soňky hüjüminde asuda ilatdan azyndan 30 palestinaly ýogaldy