Türkmengaz“ Döwlet konserniniň Tebigy gaz ylmy-barlag instituty geologiýa-gözleg we burawlaýyş işleriniň ylmy üpjünçiligni ýerine ýetirýär, gazy toplumlaýyn taýýarlamak we ugratmak, gaz çykaryjy enjamlary poslamakdan goramak, onuň tehniki ýagdaýyny anyklamak meseleleri we beýleki ugurdaş işler bilen meşgullanýar.
Tebigy gaz YBI ençeme ýyllaryň dowamynda uglewodorod ýatakalryny işläp taýýarlamakda bahasyna ýetip bolmajak tejribe toplady. Pudaklaýyn ylmy merkeziň hünärmenleri Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň tassyklan 2030-njy ýyla çenli nebit-gaz senagatyny ösdürmegiň maksatnamasyna esaslanyp, Türkmenistanyň gaz pudagyny ösdürmegiň ylmy taýdan esaslandyrylan konsepsiýasyny işläp taýýarladylar. Tebigy gaz YBI-nyň direktory, geologiýa-mineralogiýa ylymlarynyň kandidaty Muhammetnur Halylow şeýle gürrüň berýär:
-Bilşimiz ýaly, Türkmenistan uglewodorod serişdeleriniň, esasanam tebigy gazyň ummasyz gorlary bolan ýirtlaryň hataryna girýär. Ýurduň gaz pudagyny ösdürmegiň konsepsiýasy energetika howpsuzlygyna we ykdysady taýdan netijelilige gönükdirilendir. Onuň maksady- uglewodorod ýataklarynyň ýaýraýyş geologik kanunalaýyklyklarynyň, nebit we gaz gözleglerini geçirmegiň esasynda täze açylan ýataklary döwletiň hasabyna geçirmekdir.
Konsepsiýa gerekli derejede we hil babatda, gapdallaýyn peýdaly magdanlary, tebigy gazy gaýtadan işlemegi hem-de ony içerki we daşarky bazarlarda ýerlemegi esaslandyrýar. Onda häzirki we baglaşylmagy göz öňünde tutulýan şertnamalar boýunça iberiljek, şeýle hem içerki talaby kanagatlandyrmaga niýetlenen gazyň möçberi, gaýtadan işlenen tebigy gazdan önüm çykarmagy artdyrmak göz öňünde tutulandyr.
Gaz çykarylyşyny we tehnologik nowasiýalary ornaşdyrmak arkaly ony gaýtadan işlemegi artdyrmagyň hasabyna ykdysadyýetiň düzümini diwersikasiýalşdyrmak has wajyp ugurlaryň biridir.
2030-njy ýyla çenli döwre gaz çykarýan we gaýtadan işleýän pudaklaryň çig mal binýadynyň üstüni ýetirmek üçin institutda Türkmengeologiýa“ Döwlet korporasiýasynyň seýsmiki-gözleg 2D, 3D usullarynyň Türkmenistanyň gündogarynda gaz, merkezi sebitinde gaz we ugurdaş nebit, şeýle hem günbatarynda- nebit -- täze nebit-gaz ýataklaryny agtarmak maksady bilen alyp barýan geologiýa- gözleg burawlaýyş işleriniň ylmy üpjünçiligini alyp barmagy göz öňünde tutulýar.
Häzirki wagtda göz öňünde tutulan gaz çykarylyşynyň möçberi esasan Galkynyş, Malaý, Garaşsyzlygyň 10 ýyllygy, Ýelguýy, Bagaja, Gazlydepe, Körpeje, Nebitlije, Akpatlawuk, Çekişler we Bagtyýarlyk şertnamalaýyn ýeriň, şeýle hem Hazar deňziniň türkmen çaginiň çäkleriniň hasabyna saklanyp galýar.
Geljekde daşarky we içerki bazarlardaky sarp edijileriň isleglerini kanagatlandyrmak täze ýataklary işe girizmegiň we köne ýataklary täzeden enjamlaşdyrmagyň, şeýle hem geljegi uly nebit we gaz sebitlerini, şol sanda Hazar deňziniň türmen ýalpagyny özleşdirmegiň hasabyna üpjün etmek göz öňünde tutulýar. Şunda esasan kükürtsiz gaz y we suwuk uglewodorodly (nebit we kondensat) ýataklaryny gözlemäge üns berler.
Pes önümli gaz ýataklaryny geljekde içerki bazarda ulanmak göz öňünde tutulýar.
Täze ýataklary özleşdirmek bilen bir hatarda gazy taýýarlamak, gaýtadan işlemek we ugratmak üçin degişli önümçilik infrastrukturasyny döretmek zerurlygy ýüze çykar. Gaz pudagynyň täze kärhanalarynda ulanylýan tehnologiýalaryň ýokary tehnologik talaplara laýyk gelmegi zerur şertdir. Konsepsiýada energiýa tygşytlaýjy tehnologiýalary ornaşdyrmagyň düzgünleri kesgitlenildi, guramaçylyk düzümlerini kämilleşdirmek, hünärmenleri taýýarlamak we gaýtadan taýýarlamak we beýleki wezipeler beýan edildi.
Hereket edýän we Türkmenistanda kemala gelen Türkmenistan-Hytaý, Türkmenistan-Eýran, TOPH ýaly taslamasy amala aşyrylýan gaz geçirijileri, Gündogar-Günbatar“ sebit gaz geçirijisi ulgamyna türkmen tebigy gazyny dürli ugurlara eksport etmek üçin satrategiýa taýdan wajyp turba geçiriji infrastrukturasy hökmünde garamak bolar. Geljekde mawy ýangyjy ugratmagyň täze ugurlarynyň üstünde işlemek göz öňünde tutulýar.
Tebigy gazy ýerlemekden başga-da, suwuk we dykyz gaz öndürmek göz öňünde tutulýar. Tehniki-ykdysady dellilendirmeleriň esasynda gaz ibermegiň iki usuly: bir bölegini- turbageçirijelr arkaly, suwuk we dykyz gazy- tankerlerde ibermek usuly ulanylar.
Konsepsiýada tebigy gazy içerki bazarda ýerlemegiň wajyp meselesine—Türkmengaz“ Döwlet konserniniň kärhanalaryndaky awtoulaglarda, traktorlarda we beýleki tehnikalarda ýangyç hökmünde gysylan gaz ulanmak göz öňünde tutulýar.
Ýakyn döwürde nebit himiýasy bazarynda düýpli özgertmeler bolup, nebit himiýasynyň adaty önümleriniň (olefinleriň, arenlaryň, çäkli birleşmeleriň) ornuny tebigy gazy gaýtadan işlemegiň tehnologiýalarynyň çalyşmagyna garaşylýar.
Ýurdumyzda gazyň ummasyz gorlarynyň bolmagy, ony gaýtadan işlemek boýunça iň täze tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy, şeýle hem döwrebap enjamlar poliwinilhlorid öndürmäge mümkinçilik berer, kaustik soda, polistrol, polietilentereftalat we beýleki serişdeleriň önümçiligini ýola goýmaga mümkinçilik berer. Gazhimiýasy senagatynyň diwersifikasiýasy sintetik suwuk ýangyç, polimer önümler, sintetiki kauçuk we süýümler ýaly energonetijeli görnüşleriniň, gurluşyk materiallarynyň, şeýle hem beýleki käbir zatlaryň önümçiliginiň artmagyna itergi berer.
Maglumatlar we işläp taýýarlamalar bankynyň döredilmegi, halkara tejribesiniň giňden ilanylmagy we nowasiýalaryň ornaşdyrylmagy, pudaklaýyn hünärmenleriň hünär derejesiniň ýokarlandyrylmagy, ylymyň, bilimiň we önümçiligiň goşulyşmagy ylmy-tehniki işleriň ileri tutulýan ugurlarydyr.
Şeýlelik bilen, konsepsiýada göz öňünde tutulan Türkmenistanyň gaz pudagyny ösdürmegiň wezipeleri ýurduň ykdysady kuwwatynyň berkemegine we innowasion ösüşine ýardam eder.