Gaz önümçiligi 4 trillion kub metrden geçer

Gazy eksport edýän ýurtlar guramasynyň taýýarlan maglumatyna görä, şu ýyl tebigy gazyň global önümçiligi geçen ýyldakydan 0,2 göterim artyp, 4 trillion 44 milliard kub metre ýeter. Önümçiligiň köpelmeginde Demirgazyk Amerika, Ýakyn Gündogar, Latyn Amerikasy hem-de Karib deňzi sebitinde gazyň çykarylyşynyň artmagynyň täsirli boljakdygy bellenilýär.

Maglumatda tebigy gaz önümçiliginiň Afrikada 263 milliard, Aziýa-Ýuwaş ummany sebitinde 645 milliard, garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy ýurtlarynda 801 milliard, Latyn Amerika we Karib deňzi sebitinde 159 milliard, Ýewropada 224 milliard, Ýakyn Gündogarda 706 milliard, Demirgazyk Amerikada 1 milliard 246 million kub metr bolmagyna garaşylýandygy bellenilýär.

Ýene degişli makalalar

Ýabany haýwanlaryň sany 50 ýylda 73 göterim azaldy
ZSL: Dünýäde ýabany haýwanlaryň sany 50 ýylda 73 göterim azaldy
Günorta Afrikada BRIKS sammiti açylýar
BMG: 45 ýurt azyk kömegine mätäçlik çekýär
15 ýurt BMG-niň adam hukuklary boýunça Geňeşine saýlandy
Olimpiýa oýunlary syýahatçylaryň sanyny artdyrdy
Karib deňziniň garakçylary filminiň surata düşürilen adasy satuwa çykaryldy