Gaz galmagalyndan soň Eýran Türkmenistanyň energiýa bazaryndaky ýagdaýyny synlaýar

Eýranyň Türkmenistandaky söwda attaşesi Rahmatulla Hormali (Rahmatollah Khormali) iki ýurduň arasyndaky söwda gatnaşyklarynyň peselemeginiň esasy sebäbi energiýa nyrhlarynyň arzanlamagy boldy diýdi. Ol bu barada 2-nji iýulda, Eýarnyň Gülüstan welaýatynyň biznesmenleri bilen duşuşanda aýdy diýip, IRNA habar gullugy habar berdi.

Hormali “Türkmenistanyň hökümeti uzak möhletli senagat programmasyna başlady we täze energiýa bazarlaryny gözleýär” diýdi. Х

“Bize düşünmek gerek, Türkmenistan özüniň energiýa syýasatyny üýtgedýär we onuň energiýa serişdeleriniň bazary eýýäm ozalky bolşy ýaly däl, şu sebäpden biz bu ýurtdaky ösüş ýagdaýyny yzarlamaly” diýip, diplomat aýtdy.

Eýranyň Milli gaz kompaniýasynyň başlygy Hamid Reza Araki maý aýynyň ahyrynda, eger bahasy arzanladylsa, Eýran türkmen gazyny satyn almagyny dowam etdirip biler diýdi.Eger Türkmenistan Eýranyň şertleri bilen ylalaşmasa, eýran tarapy halkara arbitraž suduna şikaýat bilen ýüz tutar diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Ýatladýarys, 2016-njy ýylyň aýagýynda Eýran bilen Türkmenistanyň arasynda, “Türkmengaz” EMGK-dan $1,8 milliarddan $2 milliarda çenli möçberdäki bergisini tölemegi talap edeninden soň, galmagal turdy.

Eýran habar serişdeleriniň maglumatyna görä, uzak gepleşiklerden soň, taraplar özara ylalaşyga geldiler.Emma muňa garamazdan, Türkmenistan 2017-nji ýylyň 1-nji ýanwartyndan Eýrana gaz ibermegini kesdi.

Ýene degişli makalalar

Strategiki meseleler boýunça wise-prezident bellendi
Putin göni ýaýlymda metbugat duşuşygyny geçirdi
Eýranyň nebit ministri Türkmenistanda saparda bolýar
Eýran, “Sebitdäki Terror we Içaly Merkezlerini” Nyşana Aldy
Eýran, Ýemene Guralan Howa Hüjümini Ýazgardy
Eýrandaky terrorçylykly hüjümde 84 adam ýogaldy
Salih Al Aruriniň Janyna Kast Edilmegi ABŞ-na Ýaramaz Täsirini Ýetirer