GAZ ENJAMLARYNDA ÝANGYN HOWPSUZLYK ÇÄRELERI

Gaz enjamlarynda döreýän ýangynlaryň sebäplerini seljerenimizde olar gaz enjamlarynyň gurnalyş, ulanyş we ýangyn howpsuzlyk düzgünleriniň bozulmagy, olara sowuk-sala garalmagy zerarly ýüze çykýandygy belli bolýar.Gaz enjamlary gurnalanda olar ýörite şol ugurdan işleýän hünärmenler tarapyndan gurnalyp, ähli tarapdan saz işleýändigi barlanylmaly.

Gaz enjamlary üçin niýetlenen otaglarda, ýagny aşhanalarda gaz enjamlarynyň ýerini üýtgetmek, öýüň içini ýylatmak maksady bilen gaz enjamlaryny (plitalary) we şol enjamlaryň howur pejini işletmek, şol enjamlar gurnalan otaglarda ýatmak, dynç almak, gaz enjamlary bilen bagly ýumuşlary kiçi ýaşly çagalara buýurmak, gaz enjamlaryny gözegçiliksiz galdyrmak howpludyr.

Gaz enjamlarynyň ýanan gazynyň howrundan zäherlenmez ýaly, gaz enjamlarynyň üstünden howur çekiji saýawan oturdylyp, gaz enjamynyň işläp duran wagty, penjiräň bir gözi açyk dursa talabalaýyk bolar.Gaz enjamlaryna barýan gaz polat turba arkaly geçirilmelidir.

Diňe gaz enjamy bilen polat turbaly gaz geçirijiniň arasynda bir metrden köp bolmadyk rezinmataly gaz geçirijini ulansaň bolar. Şol rezinmataly gaz geçiriji bilen peýdalanylanda onuň birikýän ýerini ýörite bileksejik arkaly berk gysyp, olaryň eplenmeginden ýa-da agyr goşlaryň aşagynda galmagyndan we başga-da her-hili zeper ýetmelerden goralmalydyr.

Gaz enjamlaryny işletmezden öňürti otluçöpi ýakyp, soňra gazyň ýanjak ojagyna eltip, diňe şondan soň gerek nurbaty açmaly.Muny tersine ýerine ýetirmegiň ýangyn howply hadysalara eltip biljekdigini unutmaly däl.

Gaz enjamlary işledilende hökmany ýagdaýda gözegçilikde saklap, olaryň üstünde gaýnap duran suwuklyklaryň çogmagyna ýol bermeli däl, suwuklyklaryň çogup ody söndürip, gazdan zäherlenme ýaly ýagdaýlara eltip, partlama, ýangyn howpuny döredip bilýändigini unutmaly däl.

Gazyň ysy otagda duýlanda gaz enjamlaryny ulanmagy bes etmeli, gaz geçirijiniň nurbatyny ýapmaly, penjireleri açyp, otagyň içini şemallatmaly. Şolar ýaly ýagdaýda açyk otdan peýdalanmak, ýanyp duran elektrik çyrany, enjamlary öçürmek ýa-da ony ýakmak gadagan edilýär. Şonda-da gazyň ysy gelip dursa, onda haýal etmän gazlaşmadyk ýerden Gaz howpsuzlyk gullugyna telefon arkaly 04, öýjükli telefonyndan bolsa 004 belgä habar bermeli. Şeýle-de, öýlerden, iş ýerleriňizden çykaňyzda elektrik we gaz enjamlaryny öçürmegi ýatdan çykarmaly däl.

Hormatly ildeşler!Janymyza, saglygymyza, öý-ojaklarymyza, iş ýerlerimize, döwletiň, jemgyýetiň maddy ýagdaýyna zyýan ýetirip biljek gözegçiliksiz otdan seresap boluň! Ýangyn dörände ýa-da ýangynyň alamatlaryny gören halatyňyzda howsala düşmän, haýal etmän telefon arkaly 01, öýjükli telefonyndan bolsa 001 telefon belgisine jaň edip, Döwlet ýangyn howpsuzlygy gullugyna habar beriň! Ýangyn howpsuzlyk düzgünlerini berjaý etmek ählimiziň kanuny borjumyzdyr. Ýangyn howpsuzlyk düzgünlerini berjaý etmek umumy howpsuzlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen anyk çäreleri ýerine ýetirmekdir.

Biziň hemmämiz berkarar döwletimiziň gözelliklerini, arhitektura binagärligini aýawly saklap, nesillerimize miras galdyrylmagyna jogapkärdiris.Geldimämmet Rejepow, Aşgabat şäheriniň Polisiýa müdirliginiň Ýangyn howpsuzlygy bölüminiň 100-nji Harbylaşdyrylan ýangyn howpsuzlygy bölüminiň müdiriniň işgärler boýunça orunbasary, içerki gullugyň maýory. /* custom css */ .td_uid_15_674074a3b2797_rand.td-a-rec-img { text-align: left; } .td_uid_15_674074a3b2797_rand.td-a-rec-img img { margin: 0 auto 0 0; }

Ýene degişli makalalar

Gresiýada bir mugallym tokaýda ýangyn çykardy
Zaparožýe Atom Elektrik Bekedinde Ýangyn Ýüze Çykdy
Grek sebitinde ýangyn howpy
13-nji awgustda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
Germaniýada festiwalda ýangyn boldy
Tokaý Ýangynlary Gresiýada 146 Öýe Uly Zeper Ýetirdi