Gaz bilen işleýän gibrid ulag

Adatça gibrid ulaglarda elektrik

energiýasy hem-de benzinli ýa-da dizel ýangyçly iki motor bolýar. “Volkswagen” kompaniýasy bolsa, benzinli

hem-de gysylan gaz bilen işleýän ulagy işläp taýýarlady. “Golf” modeliniň sekizinji nesline

degişli “Volkswagen Golf TGI”-iň gysylan gaz bilen işleýän görnüşi taýýar edildi. Awtoulag toparynyň “Seat” we “Skoda” ýaly brendlerinde hem ulanylýan bu tehnologiýa daşky

gurşawa zyýansyzlygy hem-de tygşytlylygy bilen tapawutlanýar. Model ýangyjy kompaniýanyň

beýleki modellerinden 25 göterim az sarp edýär. “Volkswagen Golf TGI”-niň gabarasynyň iki görnüşlisi bar. Gibrid ulagyň kuwwaty 130 at güýjüne barabar bolan 1,5 litrlik bezinli motory bar. 100 kilometrde 4,2 litr ýangyç sarp edýän ulag iki hereketlendirijiniň

kňmegi bilen 422 kilometre çenli ýol geçýär.

Ýene degişli makalalar

Volkswagen, Audi, Seat we Skoda ýanma howpy sebäpli 100 müňden gowrak awtoulagy yzyna gaýtarýar
“Ýewropada ýylyň awtomobili” adyna dalaşgär modelleriň sanawy düzüldi
Toyota dünýäde satuwy boýunça Volkswagen-den 1 mln ulag öňe geçdi
Bilelikde zarýad bekedi gurarlar
Ýewropada ýylyň awtoulagy saýlandy
Skoda, Volkswagen, Audi we SEAT awtoulaglary yzyna çagyrylýar