Eýranyň milli gaz kompaniýasynyň (EMGK) başlygy Hamid Reza Araki Eýranyň türkmen gazyny satyn almagy dowam etdirip biljekdini habar berdi, ýöne ol munuň üçin gaz bahasynyň arzanladylmalydygyny aýtdy.
Eger Türkmenistan eýran tarapynyň şertlerine razy bolmasa, Eýran türkmen gazynyň iberilemeginiň şu ýylyň başynda kesilendigi sebäpli halkara arbitraž suduna şikaýat bilen ýüz tutar. IRNA habar gullugy bu habary Eýranyň nebit-gaz ministrliginiň wekiline salgylanyp berdi.
Araki EMGK-nyň talap edýän jerimesiniň möçberini aýtmady, ýöne onuň möçberiniň Aşgabada hem iberilen şikaýatda görkezilendigini belledi.
Şol bir wagtda Eýranyň territoriýasyndan Azerbaýjana çalyşmak arkaly iberilýän türkmen gazynyň iberilmegi dowam edýär diýip, Araki belledi.
Eýran metbugaty 9-njy maýda EMGK-nyň eýýäm şikaýat etmek üçin zerur dokumentleri taýýarlandygyny habar berdi we taraplar özara ylalaşyga gelmeseler, işiň başlanjagyny duýdurdy.
Ýatladýarys, 2016-njy ýylyň aýagynda Eýran bilen Türkmenistanyň arasynda, “Türkmengaz” EMGK-dan 1,8 milliarddan 2 milliard dollara çenli bergisini tölemegi talap edenden soň, galmagal turdy.
Eýran metbugatynyň maglumatyna görä, taraplar uzak gepleşiklerden soň özara ylalaşyga geldiler.Emma muňa garamazdan, Türkmenistan 2017-nji ýylyň 1-nji ýanwarynda Eýrana gaz ibermegini kesdi.