Günorta Koreýanyň ösümlik we haýwanat dünýäsi baý. Bu ýerde bahar ýyly, tomus yssy, howa çygly, gyş salkyn, esasan, ýagyşsyz. Düzlükler, daglar, deňiz kenarlary bilen görkezilen peýzažlar hem täsir ediji. Ösümlikleriň arasynda dürli görnüşli tokaýlar, çemenlikler we bambuk jeňňelligi bar.
Ýurtda köp tokaý bar we olar. esasan, daglyk ýerlerde we dag eteklerinde ösýär.
Aşaky guşakda uly ýaprakly agaçlar köp duş gelýär: kaştan, ülje, magnoliýa, dub, hurma, şeýle hem süýji agaçlary. Olaryň ýokarsynda garyşyk massiwler bolup, olaryň arasynda arça, koreý kedri, lipa, klýon we berýoza ýaly agaçlar bar.
Ýokary çyglylyk şertlerinde dag eteklerinde koreý sosnasyna we ženşene duş gelmek bolýar. Olar gymmatly agaç görnüşleriniň çeşmesidir.
Ýurduň düzlüginde köpsanly çemenlikler bolup, olada örän köp gülli ösümlikleri ösdürip ýetişdirýärler. Gülleriň we dürli görnüşli otlaryň arasynda iň esasysy gibiskusdyr, ýagny, gerbde we teňňelerde şekillendirilen Günorta Koreýanyň nyşanydyr.
Ülkede ýaponlaryňky ýaly owadan gülleýän koreý sakurasy hem ösýär. Şeýle hem sary raps (atanak güllüler maşgalasyndan bolan ot ösümligi), azaliýa, mahmal kameliýa, hrizantema we başgalar duş gelýär.