Gaýtadan işlenen materiallar has köp ulanylýar

Soňky ýyllarda tehnologiýa kompaniýalarynyň köpüsi ulanyş möhleti tamamlanan zyňyndylardan gaýtadan çig mal hökmünde has köp ulanyp başladylar.Daşky gurşaw bilen bagly tagallalaryň artmagy netijesinde kompaniýalar arassa önümçilik prosesine has köp üns berýärler.

Kompaniýalar daşky gurşawa ýetirilýän zyýany azaltmak maksady bilen dizaýn, önümçilik, gaplamak, daşalmak we önümiň işledilmegi ýaly ugurlara maýa goýum gönükdirýär.HP, Acer, Sony, Samsung, Microsoft, Canon we beýleki birnäçe kompaniýa durnukly önümçilik üçin çynlakaý taslamalary durmuşa geçirdi.

Acer kompaniýasy Vero atly ýankompýuterleriniň käbir böleklerini ozal ulanylan materiallardan öndürýändigini mälim etdi. Şeýle hem kompaniýanyň kompýuterleriniň käbirinde eko+ saýlawy bolup, bu aýratynlyk ulanyjylara enjamyň elektrik energiýasyny näçeräk ulanandygy barada habar berýär.

Kompaniýa 2025-nji ýyla çenli harytlarynyň 40 göteriminiň ozal ulanylan materiallardan öndüriljekdigini mälim etdi.

Şeýle hem gaplamalary 100 göterim ozal ulanylan materiallardan öndürmegi maksat edinýär. Kompaniýanyň elektron enjamlary 2025-nji ýyla çenli energiýany 45 göterim has az sarp eder.

Kompýuter enjamlaryny öndürýän Logitech kompaniýasynyň klawiaturalarynyň we syçanjyklarynyň köp böleginiň ozal ulanylan materiallardan öndürilendigi mälim edilýär.

Elektrik energiýasynyň önümçiliginde ulanylýan usullar ýa-da sarp edilýän ýangyç onuň howany näçeräk zaýalaýandygyny kesgitleýär.

Ýene degişli makalalar

Tehnologiýa kompaniýalary girdejilerini artdyrdy
Dünýäniň iň gymmat brendleri
Dünýäniň iň gymmat kompaniýalarynyň 100-si belli edildi
Aşgabatdaky robot ýaryşlary we dünýädäki emeli intellekt aljyraňňylygy’
Uly girdeji gazandy
KiberOne okuwçylary programmirlemäniň we kompýuter oýunlaryny düzmegiň esaslaryny özleşdirmäge çagyrýar