Gaýtadan işlemek aňsatlaşdyryldy

Plastmassadan islendik şekildäki we dürli reňkli gaplary öndürmek aňsat. Ýeňil we döwülmeýändigi üçin bu gaba guýlan suwy daşamak hem amatly. Şeýle bolansoň plastmassa gaplary giňden ulanylýar.Emma bu gaplar tebigata taşlananda uzak wagtlap çüýremeýär. Şeýle bolansoň, olary gaýtadan çig mal hökmünde hem peýdalanýarlar.

Bu gaplary çig mal hökmünde peýdalanmak üçin görnüşlerine görä saýlamaly bolýar.Munuň üçin adam zähmeti we tehnologiýa gerek. Şweýsariýanyň Sýurih tehnologiýa institutynyň alymlary plastmassa galyndylaryny himiki birleşmesine görä (mysal üçin, PET ýa-da PVC) saýlamagyň aňsat ýoluny tapdylar.

Häzirki wagtda plastmassa galyndylary görnüşlerine görä saýlanandan soňra, ownuk böleklere bölünip, soňra eredilip, gaýtadan galyba guýulýar.Emma bu usul arkaly plastmassa her gezek eredilende hili peselýär.Sýurih uniwersitetiniň hünärmenleri bolsa plastmassany ilki himiki birleşmelerine görä böleklere bölüp, soňra gaýtadan polimerleşdirmegiň ýoluny tapdylar.

Bu usul ozaldan hem bar, emma köp energiýa talap edýändigi üçin gymmada düşýär. Ýokary okuw mekdebiniň professory Atina Anastasakiniň ýolbaşçylyk edýän toparynyň oýlap tapan usuly arkaly plastmassa galyndysyndan 92 göterimini gaýtadan alyp bolýar.

Bu barada “Journal of American Chemical Society”- žurnalynda makala çap edildi.

Şameret Annaorazow,

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy

Ýene degişli makalalar

Sazyň peýdasy
“Apple” kompaniýasy “Vision Pro” garniturasy bilen tanyşdyrdy
Pifagoryň teoremasy kesekiniňki bolup çykdy
Uly Barýer rifinde balygyň täze görnüşi tapyldy
Tomaşaçylaryň pikiriçe, 120 minut—iň amatly film dowamlylygy
Ysraýylyň Gazadaky tunellere deňiz suwuny guýmagy meýilleşdirýändigi öňe sürüldi