Golaýda ABŞ-nyň “Duke University Press” neşirýaty amerikan romançysy, dramaturgy we jemagatşynasy Jeýms Artur Bolduiniň çagalara niýetläp ýazan “Little Man, Little Man” (Kiçi adam, kiçi adam) atly ýeke-täk kitabyny 30 ýyldan soňra gaýtadan neşir etdi. “The New York Times” neşiriniň habaryna görä, eser uzak wagtlap unudylypdyr.
Eserde 4 ýaşly aýdym-sazyň we top oýnamagyň muşdagy bolan gara tenli oglanjygyň gören görgüleri barada gürrüň berilýär.Jeýms Bolduin 1924-nji ýylyň 2-nji awgustynda Nýu-Ýorkuň Garlem etrabynda dünýä inýär we ruhany kakalygynyň elinde ulalýar.
Ol çagalygyny we ýaşlygyny Nýu-Ýorkuň Garlem we Grinwiç-Willij etraplarynda geçirip, özüniň daş-töwereginde bolup geçýän ýagdaýlara garaýşy barada ýazyp başlaýar.Onuň ilkinji çeper romany “Go Tell It on the Mountain” (Gitde daglara habar ber) romany baýraga mynasyp bolýar. Ýazyjy 1948-nji ýylda Pariže göçüp gelýär.
Onuň iň esasy eserleriniň biri Senanyň kenarynda ýazylyp, Bolduin bu ýerde ömrüniň ahyryna çenli ýaşaýar.Ol 1987-nji ýylyň 30-njy noýabrynda aradan çykýar.