Gaýtadan birinji boldy

Ýarymgeçiriji önümçiligi bilen meşgullanýan Nvidia kompaniýasy täze emeli aň çiplerine bolan islegiň ýokarlanmagy bilen bazar bahasyny artdyryp, dünýäniň iň gymmat kompaniýasy boldy. Şeýlelikde, kompaniýanyň gymmaty 3,53 trillion dollara ýetip, bazar bahasy 3,52 trillion dollar bolan Apple-den öňe geçdi.

Mundan ozal hem kompaniýa iýun aýynda Microsoft-dan we Apple-den ozup, dünýäniň iň gurply kompaniýasy bolupdy.Nvidia-nyň ýolbaşçylary täze nesil çipleriniň önümçiliginiň ýokary depginler bilen artýandygyny, öndürilen harytlaryň bir ýyl öňünden sargyt edilýändigini aýdýarlar.

Bilermenler emeli aň tehnologiýasyna ýokary islegiň dowam eden ýagdaýynda kompaniýanyň girdejisiniň artyşynyň dowam etjekdigini belleýärler.

Atamyrat ÝAZOW,

Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby.

Ýene degişli makalalar

Dünýäniň iň gymmat brendleri
Dünýäde iň gymmat kompaniýa agzaldy
Apple dünýäde iň gymmat brend diýlip yglan edildi
“Apple” üç trillion dollarlyk sepgitden geçdi, dünýäniň iň gymmat 10 kompaniýasy
Uly girdeji gazandy
Täze rekord goýdy