Gawaý adalaryny güýçli ýangyn gurşady

Gawaý adalaryny güýçli ýangyn gurşady

Gawaý adalaryny gurşan güýçli ýangyna Dora deňiz harasaty sebäp boldy, ýangyndan Gawaý adalaryndaky ikinji uly ada bolan Maui has-da ejir çekdi diýip, BBC teleýaýlymyna salgylanýan Informburo.kz habar berýär.

Ýerli habar beriş serişdeleri gawaý şäherjiginiň ýaşaýjylarynyň ýangyndan halas bolmak üçin özlerini ummanyň suwuna oklaýandygyny habar berýär. ABŞ-nyň deňiz goragy gullugynyň maglumatlaryna görä, 12 adam ummanda halas edildi. Adanyň bir bölegini ýangyn küle öwürdi. Ilaty 13 müň adam bolan şäherjikde onlarça öýlerdir kärhanalar ýandy. Maui adasyndan ilat göçürildi.

Iki müň jahankeşdäniň adadaky Kahului howa menzilinde gizlenendigi habar berilýär.

Interfax.ru habarlar gullugy azyndan 36 adamyň pida bolandygyny we adadaky meşhur Lahaýna şäheriniň uly böleginiň ýok bolandygyny habar berdi.

Gawaýlaryň gubernatory Joş Grin jahankeşdelik we ykdysady merkez bolan 9 müň ilatly Lahaýna şäherindäki uly heläkçilik barada metbugata beren beýanatynda aýtdy.

Ýerli ýaşaýjylar ýangynyň elhençligi barada gürrüňlerinde: Indi biziň şäherimiz ýok diýýärler.

Ýene degişli makalalar

Gresiýada Aleksandr Makedonlynyň köşgi 16 ýyldan soňra gaýtadan açyldy
Ýeriň ilatynyň ýarpy bölegi 2035-nji ýylda semizlikden ejir çeker
Dünýäde çakyr önümçiligi soňky 60 ýylda iň pes derejä düşer
Gawaýlardaky ýangynlardan ýeten zyýan 5,5 milliard dollara deň boldy
ABŞ-nyň Ýarag Satuwy Geçen Ýyl 238 Milliard Dollara Barabar Boldy
BBC: ylham berýän 100 zenan