Gattuzo ispan klubunyň tälimçisi boldy

Italiýaly ozalky meşhur futbolçy Jennaro Gattuzo Ispaniýanyň “Walensiýa” toparynyň tälimçisi wezipesine bellendi. 44 ýaşyndaky hünärmen “Walensiýa” kluby bilen 2 ýyllyk şertnama baglaşdy. Tälimçi ispan klubundan her ýyly üçin goşmaçalardan daşary 3 million ýewro hak alar.

Karýerasy boýunça “Perujia”, “Reýnjers”, agramly bölegini “Milan”, şol sanda “Sion” klublarynda oýnan Gattuzo 2013-nji ýylda tälimçilige başlapdy. “Sion”, “Palermo”, “OFI Krete” ýaly klublarda az wagtlyk tälimçi bolan Gattuzo, “Pisa”, “Milan” hem-de “Napoli” toparlaryna-da tälim berdi. Ol “Napoli” bilen Italiýanyň Kubogyny hem gazanypdy.

Ýene degişli makalalar

Gattuzo ispan klubunyň tälimçisi boldy
Otursam agaçlar bile
“Şenbe Güni 13 Müňe Golaý Ukrainaly Howpsyz Ýagdaýda Göçürildi”
Dünýädäki meňzeş binalar
S7 Airlines Türkmenistana howa gatnawlarynyň ýygylygyny artdyrar, Germaniýa doly derejede Türkmenistanyň raýatlaryna wiza bermekligi gaýtadan ýola goýdy, Türkmenistana Türkiýäniň parlamentiniň ýolbaşçysy geldi
Halaýan ýazyjy-şahyrlaryny mälim etdiler