Gatnaw pudagyny ösdürer

Ýewropa Bileleşigi durnukly we akylly ulag infrastrukturasyny has-da kämilleşdirmek maksady bilen taýýarlanan taslamalara 7 milliard ýewro goldaw berer. Ýewropa Komissiýasy daşky gurşaw bilen bagly maksatnamasyny durmuşa geçirmek üçin jemi 134 ulag taslamasyny maliýeleşdirer.

Olaryň arasynda demir ýol şahalary, içerki derýa ýollary, awto ýollary we deňiz portlary bar. Şeýle hem howa menzilleri we multimodal logistika taslamalary hem durmuşa geçiriler.Mundan başga-da, bileleşige agza bolmadyk goňşy ýurtlaryň logistika taslamalaryna goldaw berler.

Bu taslamalaryň köpüsi sebitiň serhetüsti ýollarynyň gowulandyrylmagy bilen baglydyr.

Ýene degişli makalalar

Turkish Airlines: täze nyrhlar we amatly tertipnama
Türkiýede biosfera ätiýajynyň bardygyny bilýäňizmi?
Halkara Awtomenzil — Hazar ugry boýunça täze gatnaw ýola goýuldy
Domodedowo howa menzili Türkmenistana uçuşlaryň tertibini çap etdi
Turkish Airlines awiakompaniýasy Stambuldan Aşgabat şäherine yzygiderli gatnawlary dikeltdi
Uçarda 5G hyzmatyna rugsat berler