Ähli jandarlar dem-dynç almaga zerurlyk duýýar. Ýuka ganatly ýa-da ganatsyz garynjalar işeňňirligi bilen tapawutlanýar.Olary gijesine hem hereket edip ýörkä görmek bolýar.Eýsem, olar haçan uklaýarlarka?!
Garynjalar etmeli işlerini öz aralarynda bölüşýärler. Ýagny hersiniň öz wezipe borjy bolup, ony birkemsiz berjaý edýär.Gözleriniň gabaklary bolmansoň, olaryň uklaýandygyny aňyp bolmaýar. Ýadan mahaly garynjalar uklamak üçin sessiz we howpsuz ýere hinlerine girýärler we az wagtlyk dynç alýarlar.
Uklan wagtlary olaryň etmeli işlerini beýleki garynjalar ýerine ýetirýär.Adatça, garynjalar gijesine köpräk işleýär gündizine dynç alýar.Kähalatda agaçlardaky deşijeklerde we beýleki ýerlerde hem ýatýarlar.Olaryň uklamaga barýandygyny bilmek kyn däl.
Eger olaryň hereketi ýuwaşlap, haýal ýöreýän bolsalar, diýmek olar ýadaw we uklamak üçin amatly ýer gözleýärler.Şeýle-de garynjalar gyş ukusyna hem gidýärler.Olaryň käbir görnüşleri güýz paslynda has köp iýmitlenip, gyşda uklaýan bolsa, käbirleri gyşyna ozal ýygnap goýan iýmitlerini iýip geçirýärler.
Olar howanyň ýylylygy 10 derejeden pese düşeninde, hinlerine ýa-da agaç gabyklarynyň aşagyna girýärler.Olaryň hinleri özleriniň ýaşamaklary üçin ýeterlik derejede ýyly bolýar.Adatça, garynjalar noýabrda hinlerine girip, aprel-maý aýlarynda gaýtadan ýer ýüzüne çykyp başlaýarlar.
Olaryň käbir görnüşi amatly şertler bolan ýerlerde gyşyna hem uklamaýarlar.