Gartner 2022-nji ýylda PK-nyň global satuwynyň 9,5%, telefonlaryň 7,1% peseljekdigini çaklaýar

Gartner 2022-nji ýylda PK-nyň global satuwynyň 9,5%, telefonlaryň  7,1% peseljekdigini çaklaýar

2022-nji ýylda personal kompýuterleriň, planşetleriň we ykjam telefonlaryň global üpjünçiligi 7,6% azalar diýip, Gartner Inc. analitik kompaniýasy çaklaýar. Şol bir wagtyň özünde, Hytaýda we Gündogar Ýewropada pese gaçyş derejesi iki belgili görkezijiler bilen aňladylar diýip, interfax.ru belleýär.

Analitikler şu ýylyň jemi boýunça PK-nyň satuwynyň 9,5% peselmegine garaşýarlar. Şol sanda sarp edijiler tarapyndan isleg 13,1% azalar, biznes tarapyndan kompýuterleriň satyn alynmagy bolsa ýyllyk hasabynda 7,2% azalar.

EMEA sebitinde (Ýewropa, Afrika we Ýakyn Gündogar) sarp edijileriň isleginiň ýoklugy sebäpli şu ýyl PK-nyň satuwynyň 14% peselmegine garaşylýar. Şu ýyl ykjam telefonlaryň global üpjünçiligi 7,1%, şol sanda smartfon üpjünçiligi 5,8% azalar.

Hytaýda 5G-li modellere bolan islegiň 2% azalmagy bilen birlikde, smartfon satuwy 18,3% azalar.

Gartner 2022-nji ýylda 5G telefonlaryň global üpjünçiliginiň 710 mln boljakdygyny çaklaýar, bu geçen ýylky derejeden 29% köpdür. Ýylyň başynda üpjünçiligiň 47% ýokarlanmagyna garaşylypdy.

Ýene degişli makalalar

Trampyň ýeňişi we ABŞ…
Ýene-de 5 Terrorçy Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi
TUSAŞ-a Hüjüm Guran 2 Terrorçynyň PKK-a Agzadygy Anyklandy
Prezident Erdogan Terrorçylykly Hüjümde Şehit Bolanlara Gynanç Bildirdi
TUSAŞ-a hüjüm guran terrorçylardan biriniň, ekstremist terror guramasy PKK-nyň agzasydygy anyklandy
TUSAŞ-a Hüjüm Guran Terrorçylardan Biriniň Şahsyýeti Anyklandy
Terrorçylykly Hüjümde 5 Adam Şehit Boldy