Gartaşan jübütler ilkinji gezek duşuşan dükanynda toý tutdy

Gartaşan jübütler ilkinji gezek duşuşan dükanynda toý tutdy

ABŞ-da garry jübütler ilkinji gezek tanyşlyk açan azyk harytlary dükanynda toý etdiler diýip, LADBible neşiri habar berdi diýip, Gazeta.ru ýazýar. Olar munuň üçin däp bolan kilisede nikalaşmak dabarasyndan ýüz öwürdiler.

72 ýaşly Brenda Uilýams we 78 ýaşly Dennis Delgado ilkinji gezek ýerli dükanda geçen ýyl duşuşypdyrlar, erkek kişi geljekki gelinliginiň üwmeç saýlaýandygyny görüp, oňa kömek etmek kararyna gelipdir. Olar gürrüňdeş bolup, birek-biregi sulhy alypdyr.

Biri ýeňsämden gelip geplemäge başlady diýip, Brenda şol pursady ýatlaýar.

Netijede, pensionerler ýarym sagat çemesi gürrüň edipdirler, birek-biregiň telefon belgilerini alşypdyrlar. Bir hepdeden soňra Delgado kilisede ýekşenbe ybadaty wagtynda hanym Uilýamsa sataşypdyr. Görlüp oturylsa, olaryň dertleri hem birmeňzeş bolup çykypdyr, ýagny ikisem ýalňyz ekeni. Şu ýagdaýam olary ýakynlaşdyrypdyr, netijede, pensionerler toý tutmak kararyna gelipdirler. Brenda geljekki adamsyna hut şol ilkinji sataşan dükanynda hem nikadan geçmegi teklip edipdir.

Ýene degişli makalalar

Hepdäniň täze animasiýalary
Sport syny: uik-endiň esasy futbol wakalary
Ramsey gyş möwsümi üçin erkek kişileriň ajaýyp stilli täze egin-eşiklerini hödürleýär
Bilelikde elektrikli awtobus öndüriler
80 göterimi elektroulag
Aýa gitjekler belli boldy