Gartaşan adamlara näçe wagtlyk ukynyň gerekdigi belli edildi

Gartaşan adamlara näçe wagtlyk ukynyň gerekdigi belli edildi

Gartaşan adama oňat ukusyny almak üçin ýedi sagat ýeterlik. Bu ugurdaky barlaglary Hytaýdaky Fudan we Kembrij uniwersitetleriniň hünärmenleri geçirdiler diýip, Nature Aging neşiri habar berdi.

Alymlar synag üçin beýniniň suratlaryny, genetiki maglumatlary, kognitiw synaglaryň netijelerini topladylar, şeýle-de ukynyň tertibi, psihiki saglyk we umumy ýagdaý ýaly ugurlarda seljerme geçirdiler, munuň üçin 40 müň adamyň maglumatlary öwrenildi.

Netijede, ukynyň artykmaçlygy ýa-da kemligi beýniniň maglumatlary işleýiş tizligine, karar gelmäge, ünslülige ýaramaz täsir edýändigi, şeýle-de birahatlanma we sussupeslik ýaly ahwallara getirýändigi anyklandy. Bu barada MIR24 ýazýar.

Ýene degişli makalalar

Alymlar: ýaşy 50-den geçýän adamlar üçin internet ulanmak peýdaly
Alymlar uçýan robot-garga döretdiler
Ewerest dagy ösýär
Hytaýly alymlar Ewerestiň ösýändigini anykladylar
Dünýädäki agaçlaryň üçden bir bölegine ýok bolmak howpy abanýar
Alymlar howadan ýangyç öndürýän enjam döretdiler