“Garri Potter” franşizasyna esaslanýan mobil oýunlar jemi 1 mlrd dollar girdeji getirdi diýip, Sensor Tower analitiki gözlegine salgylanyp, habar berýär. Bu mukdar tutuş dünýä boýunça ulanyjylar tarapyndan tölenildi. Bu barada incrussia.ru belleýär.
Iň girdejili oýun Jam Cit-den “Garri Potter: Hogwartsyň syry” boldy.Programmanyň 2018-nji ýylyň aprel aýynda çykandan bäri girdejisi 400 mln dollardan gowrak boldy. 2022-nji ýylyň ýanwar aýyndan sentýabr aýy aralygynda ol girdejisi boýunça dünýäde 31-nji orny eýeledi - $85,4 mln.
Oýun Nexon-yň FIFA Online 4 M we Warner Bros-yň Game of Thrones: Conquest oýnundan öňe geçdi.Umumy girdejisi boýunça ikinji orunda NetEase-niň “Garri Potter: Jadynyň oýanmagy” oýny ýerleşdi - $358 mln.
Häzirki wagtda ol diňe Hytaýda, Taýwanda, Gonkongda we Makaoda elýeterli.Liderleriň üçlügini Zynga-nyň “Garri Potter: Tapmaçalar we jadylar” oýny jemleýär.Onuň girdejisi $218 mln. “Garri Potter: Jadygöýler birleşýär” oýny pes görkezijiler bilen dördünji orunda ýerleşdi.
Niantic studiýasy bary-ýogy $39,6 mln gazandy. “Garri Potter” oýunlaryna, esasan, amerikaly oýunçylar köp pul harçlaýarlar.Umumy mukdaryň üçden bir bölegi olaryň paýyna düşýär - $374,8 mln.
Ikinji orunda $324,3 mln bilen Hytaý ýerleşdi.Liderleriň üçlügini Germaniýa jemleýär.Ol girdejiniň 5%-ini emele getirdi - $51,6 mln.Ulanyjylar “Garri Pottere” esaslanýan 156 milliondan gowrak mobil oýnuny gurnadylar.
Olardan 72 mln ýükleme App Store-yň, 84,5 mln ýükleme Google Play-iň paýyna düşdi. Şol bir wagtyň özünde, Apple ulanyjylary ýüklemeleriň azdygyna garamazdan, has köp girdeji getirdi.
Olar 66,6% $683 mln getirdi.Google Play-iň paýy 33,4% ýa-da $342,5 mln.