Garramagy haýalladýan doňdurma oýlanyp tapyldy

Garramagy haýalladýan doňdurma oýlanyp tapyldy

Internet ulgamynda polşaly alymlaryň biriniň täze açyşy barada maglumatlar peýda boldy. Aýdylmagyna görä, Günbatar Pomeraniýa Tehnologiýa Uniwersitetiniň işgäri Kataržina Şkolnitska bedeniň tebigy garramagyny haýalladýan doňdurmany oýlap tapdy. Bu barada pcnews.ru habar berdi.

Munuň üçin oňa doňdurmanyň düzümindäki süýjülikleriň diňe birini çalyşmak ýeterlik boldy. "The First News"-yň ýazmagyna görä, Kataržina Şkolnitska doňdurma öndürmekde adatça ulanylýan süýdüň ýerine bu gezek aýran ulandy.

Netijede, ýagsyzlandyrylan gaýmakdan durýan desert adam bedeni üçin has peýdaly hem-de garramagy haýalladýan serişde bolup çykdy.Aýrandan ýasalan doňdurma ýörite stabilizatorlar we emulsifikatorlar ulanylmasa-da ýeňil bolýar diýip, çeşme belleýär.

Bu juda gowy ýeňil desert bolup, ol diňe bir özüňi duýşuňy gowulandyrman, eýsem, biologik taýdan garramagy hem haýalladyp biler.

Ýene degişli makalalar

Yslam Babaýew adyndaky ýaş gitaraçylaryň festiwaly
Müsür BAE-den we Kuweýtden karz aldy
Iň gymmat sanly sungat eseri
ТУРКМЕНИСТАН И МЕЖДУНАРОДНЫЙ СОЮЗ АВТОМОБИЛЬНОГО ТРАНСПОРТА НАМЕРЕНЫ РАСШИРЯТЬ СОТРУДНИЧЕСТВО
Samsung 2021-nji ýylyň 6-njy ýanwarynda täze önümlerini tanyşdyrar
Ýylyň iň gowy 10 filmi