(Erteki)
Gadym zamanlarda bir garga bilen bir tilki dost bolupdyr. Günlerde bir gün tilki gargany myhmançylyga çagyrýar-da, nahar bişirip, ony giň gapagyň ýüzüne ýazyp getirýär. Tilki:
− Al, garga dost, iýiber, örän süýjüdir − diýýär. Garga iýjek bolup, näçe jan etse-de, çüňki gapaga degip, agzyna oňly zat ilmeýär. Tilki bolsa dili bilen nahary ýalap gutarýar. Şeýlelik bilen, garga aç galýar, nahary bolsa tilkiniň özi iýip gutarýar. Muňa garganyň gahary gelýär-de, irde-giçde tilkiden ar almagy ýüregine düwýär.
Günlerde bir gün garga hem tilkini myhmançylyga çagyrýar-da, süýji nahar bişirip, ony uzyn kädä salyp getirýär. Kädiniň agzynyň giňligi bolsa, garganyň çüňki sygaýjak ýaly eken. Garga:
− Al, tilki dost, tizräk iýeli, nahar sowamasyn − diýip, nahara başlaýar. Tilki näçe iýesi gelse-de, kädiniň agzyndan kellesi sygmansoň, diňe kädiniň daşyndaky çyrşaklary ýalaşdyryp oňmaly bolýar. Garga bolsa hiç zat bilmedik bolup, kädiniň agzyndan çüňküni sokup, tä doýýança hezil edinip iýýär. Käwagt hem:
− Tilki dost, iýsene, näme çalt yza çekildiň-le? − diýýär. Tilki bolsa:
− Sag bol, garga dost, mazalyja iýdim − diýip, hoşlaşyp gaýdýar.
Şondan bäri garganyň özüni aldanyna namys edip ýören tilki bir gün ýene-de gargany çagyryp, aryny almakçy bolýar:
− Garga dost, ýör, meýdana gezmäge gideli. Men saňa tilki oýnuny öwredeýin − diýýär. Olar meýdana çykansoň, tilki:
− Garga dost, gel, oýnumyza başlaly. Sen meniň guýrugymdan mäkäm ýapyş. Men boldy diýýänçäm goýbermegin − diýýär. Garga-da:
Bolýar diýip, tilkiniň guýrugyndan mäkäm tutýar weli, tilki bar güýji bilen çöp-çalamlaryň içinde ylgap başlaýar. Ondan-oňa, mundan-muňa urlup, garganyň ýelegi, ganaty gyrylýar, halys gyzyl etene bolýar. Garga ahyry çydap bilmän:
− Waý, tilki dost, boldy. Men tilki oýnuny öwrendim, öldürmejek bolsaň duraweri − diýýär.
− Öwrenen bolsaň, bolýar onda − diýip, tilki aýak çekip, yzyna seretse, garga halys gyzyl etene bolup giden eken. Onsoň garga süýrenip, zordan ketegine özüni atýar. Aradan birnäçe gün geçýär. Garga özüni dürseýär. Ýaralary gutulýar, ýelekleri ösüşýär, ýene öňki katdyna gelýär. Günlerde bir gün garga tilkini çagyryp:
Ýör, meýdana gezmäge gideli, men saňa garga oýnuny görkezeýin diýýär. Tilki hem muňa razy bolýar. Giň meýdana çykansoňlar, garga:
− Tilki dost, sen meniň arkama mün, özüňem berk ýapyş − diýýär. Tilki hem onuň arkasyna münüp, mäkäm ýapyşýar weli, garga: Hop ýagşy diýip, ýuwaş-ýuwaşdan bat alyp, asmana göteriliberýär. Garga käte tilkiden:
− Tilki dost, ýer görünýärmi? − diýip soraýar. Eger tilki:
− Hawa, görünýär diýse, garga ýene ýokary galýar. Ahyry tilki:
− Garga dost, indi ýokary galma, men gorkýaryn. Ýeriň dagy garasy ýitdi gitdi − diýýär. Garga:
Indi zyňaýsam boljak öýdýän diýip, tilkini agdaryp goýberýär. Tilki bolsa:
Ýa suw, ýa saman diýip, şaglap aşak gaýdýar.
Niýetiň näme bolsa, myradyň şonda.