Garaşylmadyk netijeler

UEFA Çempionlar ligasynda 3-nji saýlama tapgyrynyň duşuşyklary oýnaldy. 1 oýun esasynda geçirilen duşuşyklardan soň, garşydaşlaryna garanyňda, güýçli hasaplanýan käbir klublaryň ýeňlip ýaryşdan çykmagy bilermenleri geň galdyrdy.

Portugaliýanyň güýçli klublaryndan Benfika myhmançylykda PAOK-dan 21 hasabynda asgyn geldi (Jiannulis 63, Ziwkowiç 75 — Rafa 90+4).Edil şonuň ýaly hasap bilen GentRapid Wien duşuşygy-da belgiýalylaryň peýdasyna tamamlandy.

Kiýewiň Dinamosy öz meýdançasynda AZ Alkmaardan Rodriges we Şaparenkonyň gollary bilen 20 üstün çykdy.Tapgyryň garaşylmadyk netijeleriniň ýene biri Daniýanyň Midtýullann topary bilen Şweýsariýanyň Ýang Boýz klubunyň arasynda bolup geçdi. Ýer eýeleri 30 hasabynda ýeňiş gazanyp, pleý-off tapgyrynda çykyş etmäge ygtyýar aldy. Ýeňijini 11 metrlik jerime urgularynyň kesgitlän duşuşyklarynda Garabag Moldeden, Srwena Zwezda bolsa Omoniýadan asgyn geldi.

Bu tapgyrda utulan toparlar Ýewropa ligasynda çykyş ederler.

3-nji saýlama tapgyryň netijeleri:

Ferençwaroş (Wengriýa)—Dinamo Zagreb (Horwatiýa): 21

Garabag (Azerbaýjan)—Molde (Norwegiýa): 00 (56 p)

Omoniýa (Kipr)—Srwena Zwezda (Serbiýa): 11 (42 p)

Midtýullann (Daniýa)—Ýang Boýz (Şweýsariýa): 30

Makkabi T. Awiw (Ysraýyl)—Dinamo Brest (Belarus): 10

PAOK (Gresiýa)—Benfika (Portugaliýa): 21

Dinamo Kiýew (Ukraina)—AZ Alkmaar (Niderlandlar): 20

Gent (Belgiýa)—Rapid Wien (Awstriýa): 21

Pleý-off tapgyrynyň duşuşyklary

(2223-nji hem-de 2930-njy sentýabr):

Slawiýa Praga (Çehiýa)—Midtýullann (Daniýa)

Makkabi T. Awiw (Ysraýyl)—Red Bull Salsburg (Awstriýa)

Olimpiakos (Gresiýa)—Omoniýa (Kipr)

Molde (Norwegiýa)—Ferençwaroş (Wengriýa)

Krasnodar (Russiýa)—PAOK (Gresiýa)

Gent (Belgiýa)—Dinamo Kiýew (Ukraina)

Ýene degişli makalalar

Çempionlar ligasynyň saýlama tapgyrynyň bijeleri
UEFA Çempionlar ligasynda 3-nji saýlama tapgyrynda garaşylmadyk netijeler
UEFA Ýewropa ligasynyň toparçalary belli boldy
Ýewropa ligasynda 1/16 finalda çykyş etjek klublar belli boldy
Ýewropa ligasynda 14 topar 2-nji tapgyra çykdy
24 duşuşygyň 12-sinde myhmanlar ýeňiş gazandy