
Ahalyň AFK-nyň Çempionlar ligasyndaky topardaşy, ýaryşyň pleý-off tapgyryna ilkinji bolup çykmagy başaran Birleşen Arap Emirlikleriniň Al-Aýny baş tälimçisi Alfred Şrýoder bilen hoşlaşylandygyny habar berdi.
Bu täsin habar futbol jemgyýetçiliginde haýran galma bilen kabul edildi. Dek düýnüň özünde myhmançylykda Saud Arabystanynyň Al-Feýhasyny 3:2 hasabynda ýeňip, ýaryşyň pleý-off tapgyryna çykmagy başaran toparyň baş tälimçisi bu gün işden gitmek isleýändigini mälim etdi we onuň bu islegi kanagatlandyryldy.
51 ýaşly niderlandly hünärmen Al-Aýn bilen BAE-niň Premýer-ligasynyň yzda galan 7 tapgyryndan soňra üçünji orny eýeleýär.
Alfred Şrýoderiň Barselonada Ronald Kumanyň, Aýaksda bolsa Erik ten Hagyň kömekçisi bolup işländigini ýatladýarys.