Garaşsyzlyk gününe taýýarlyk üçin studentlerden pul alynýar

Garaşsyzlyk gününe taýýarlyk üçin studentlerden pul alynýar

Döwlet garaşsyzlygynyň 33-nji ýyl dönümini bellemäge taýýarlanýan Türkmenistanyň ähli döwlet edaralarynda taýýarlyklar alnyp barylýar. Şu günler ýurduň ýokary okuw jaýlarynda baýramçylyk çäreleri üçin taýýarlyklaryň çäginde maşklara gatnaşmak mejburlygyndan başga-da, studentlerden maddy goşant goşmak hem talap edilýär.

Şu günler ýokary okuw jaýlarynda studentlerden resmi kurs boýunça 7 amerikan dollaryna barabar talap edilýän maliýe goşant ýörişe gatnaşýan ýaşlaryň ellerine tutdurmak üçin şarlary we döwlet baýdaklaryny satyn almak ýaly çykdajylara niýetlenýär. Bu barada Azatlyk Radiosyna paýtagtyň ýokary okuw jaýlarynyň birnäçesinde bilim alýan we işleýän türkmenistanlylar gürrüň berdiler.

"Garaşsyzlyk güni dabaraly ýöriş geçirmek üçin türgenleşige çekilen talyplardan 20 manatdan pul toplandy. Pul serişdesiniň ýygnalmagynyň sebäbi dabaraly saza ädimlerini düzüp geçýän talyplaryň elleri boş bolmaz ýaly, olaryň bir elinde bäş sany ak reňkli şar bolmaly. Olar beýleki elinde Türkmenistanyň baýdagyny galgadyp geçmeli" diýip, bilim pudagynda işleýän aşgabatly çeşme gürrüň berdi.

Türkmenistanyň ÝOJ-larynyň studentleri döwlet baýramçylyklarynda däbe öwrülen köpçülikleýin çärelere, şol sanda Garaşsyzlyk güni geçirilýän ýörişlere gatnaşmaga ýyllarboýy mejbur edilýär.

Köpçülikleýin çärä gatnaşýan studentler baýramçylyk lybaslaryny, ellerinde galgadýan baýdaklaryny öz hasabyna satyn almaly bolýarlar. Ýol çykdajylary hem köplenç studentleriň öz hasabyna bolýar. Üstesine, birnäçe hepdeläp surnukdyryjy türgenleşiklere gatnaşdyrylýan, baýramçylyk senesinde bolsa, tomsuň yssysyndan, gyşyň sowugyndan ejir çekýän we günuzyn iýmitsiz hem suwsuz saklanýan studentler şadyýan görünmäge we bagtly durmuşy beýan etmäge mejbur edilýär.

Garaşsyzlyk baýramçylygyna şu ýylky taýýarlyklara gatnaşýan ýaşlara berlen instruksiýalar hem "begençli tolgunma duýgusyny" beýan etmek talabyny öz içine alýar.

"Münberiň gabadyna ýetende prezident Serdar Berdimuhamedowy şöhratlaýan sözleri gaýtalap, ýüzünde şatlyk alamatlaryny bildirmegi, şeýle-de prezidentiň deňine ýetende begençli tolgunma duýgusyny ýalandan hem bolsa görkezmegi tabşyrdylar" diýip, paýtagtyň ýokary okuw jaýynyň birinde bilim alýan student anonimlik şertinde gürrüň berdi.

Azatlyk bilen gürleşen ýaşlar maşklardan halys ýadandygyny aýtdylar. Aşgabatly studentleriň sözlerine görä, okuw ýyly başlanaly bäri bir gün hem kadaly bilim tertibinde geçmändir.

"Bir gün hem doly sapaklar geçirilmedi. Geçirilmedik sapaklaryň öwezini dolup bolmaýar. Biz nämä buýsanyp, nämä şatlanýandygymyza düşünmeýäris" diýip, aşgabatly student aýdýar.

27-nji sentýabrda bellenýän garasyzlyk gününe taýýarlyklar şu ýyl awgustyň başyndan bäri dowam edýär.

Azatlygyň Aşgabatdaky habarçylary paýtagtdaky taýýarlyklaryň 5-nji awgustda başlanandygyny habar beripdi. Şonda paýtagtyň "Dagdan" stadionynda döwlet münberiniň öňünde geçiriljek ýöriş üçin maşklaryň yzygiderli görnüşde geçirilýändigini we olara paýtagtdaky býujet edaralarynyň we kärhanalarynyň, şol sanda saglyk pudagynyň müňlerçe işgäriniň mejbury gatnaşdyrylýandygyny aýdypdy.

Garaşsyzlyk senesi mynasybetli baýramçylyk dabaralary soňky birnäçe ýyl bäri paýtagtyň günorta böleginde ýerleşýän döwlet münberiniň öňünde geçirilýär. Baýramçylyk döwlet ýolbaşçylarynyň gatnaşmagyndaky resmi çäreler, studentleriň we býujet işgärleriniň gatnaşdyrylmagyndaky köpçülikleýin ýörişler we harby parad bilen bellenýär.

Ozalky ýyllarda baýramçylyk bezegleri, döwlet baýdaklary we syýasy şygarlar üçin hem ilatdan pul serişdeleri ýygnalypdy.

Şu günler Aşgabadyň häkimiýetleriniň Garaşsyzlyk güni üçin paýtagty arassalamak işlerine taýýarlygy hem güýçli depginde alnyp barylýar. Azatlyk Radiosynyň habarçysynyň 6-njy sentýabrda paýtagtdan beren maglumatyna görä, arassaçylyk işlerine Jemagat hojalygy müdirliginiň işgärleri bilen bir hatarda, döwlet edara-kärhanalarynyň işgärleri, studentler we ýokary synp mekdep okuwçylary çekilýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Marynyň häkimiýetleri Berdimuhamedowlaryň biriniň saparyna taýýarlanýar
Merkezi Aziýa ýurtlary harby býujetlerini artdyrýarlar. Bu Ukrainanyň, Garabagyň hem Owganystanyň sapaklary
Uzaga çeken çabga sebäpli Aşgabady we töwereklerini suw basýar
Aşgabat arassaçylyk işlerini we köpçülikleýin taýýarlyklary geçirip, Garaşsyzlyk gününe “şaýlanýar”
Bilimdäki para ýaşlaryň ýoluny ýapýar, prezidentiň ogly Angliýada 'okady'
Aşgabatda Garaşsyzlyk baýramy üçin maşklar başlandy