Şu günler Arkadagly Diýarda ýurdumyzyň şanly Garaşsyzlyk toýunyň dabaralary uludan tutulýar.Bagtyýar halkymyz gözel Diýarymyzyň beýik geljeginiň hatyrasyna döredýär we gurýar, Garaşsyzlygyň peşgeş beren egsilmez bagtyna buýsanyp ýaşaýar, toý-baýramlarymyzy agzybirlikde, jebislikde, ýokary ruhubelentlikde toýlaýar.Milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda 2017-nji ýyl Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýyly uly üstünliklere beslendi. Üstümizdäki ýylyň esasy uly wakasy 17-27-nji sentýabrda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarydyr.
Dünýä derejesinde guralan yklymyň iri sport ýaryşy mähriban Diýarymyzyň we türkmen sportunyň at-abraýyny has-da belende galdyrdy.Döwlet Baştutanymyzyň taýsyz tagallalarynyň hem-de irginsiz aladalarynyň netijesinde ýokary üstünliklere beslenen halkara sport ýaryşy dünýä jemgyýetçiliginde giň seslenme döredip, dünýäniň belli syýasatçylarynyň, iri halkara sport guramalarynyň öwgüsine mynasyp boldy.
Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin, Fransiýa Respublikasynyň Prezidenti Emmanuel Makron, Singapur Respublikasynyň Prezidenti hanym Halima Ýakob we beýleki syýasatçylar V Aziýa oýunlarynyň üstünlikli geçirilendigini uly buýsanç bilen belläp geçdiler. “Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary bu yklym derejesindäki ýaryşlaryň taryhynda iň gowy ýaryşlar boldy!” diýip, dünýäniň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri “Aşgabat 2017” oýunlaryny häsiýetlendirip, dünýäniň millionlarça adamlarynda şatlykly, ýatdan çykmajak täsirleri galdyran bu ajaýyp sport baýramçylygynyň netijelerini giňden beýan etdiler.Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýylynyň ajaýyp günlerinde giňden bellenilýän mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 26 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň ähli künjegi baýramçylyk dabaralaryna beslendi. Ýurdumyzyň sebitlerinde hem-de paýtagtymyzda gurlup, ulanylmaga berilýän dürli maksatly desgalar şanly toýuň baýramçylyk dabaralaryny has-da belende göterýär.
Garaşsyzlyk ýyllary içinde, aýratyn-da, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe gurlup, il-günümiziň ygtyýaryna berlen oba-kentleriň, şäherçedir şäherleriň sany barha artýar.Arkadag Prezidentimiz şeýle döwrebap ilatly nokatlary döretmek bilen, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da ýokarlandyrmagy, il-günümiziň eşretli durmuşyny üpjün etmegi maksat edinýär.Garaşsyzlyk ýyllary içinde ýetilen belent sepgitler, gazanylan ýeňişlerdir üstünlikler ýurdumyzy tanalmaz derejede özgertdi. Ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda ykdysady, medeni we ýaşaýyş-durmuş taýdan sazlaşykly ösüşler gazanylyp, şäherlerimiziň, obalarymyzyň durky täzelenip, dünýä derejesine kybap gelýän binalar halkymyza hyzmat edýär.Ine şeýle ajaýyp günlerde ýurdumyzyň baş şäherini ösdürmegiň 15-nji nobatdakysynyň çäklerinde gurlan durmuş maksatly desgalaryň açylyş dabarasy mynasybetli ýaýbaňlandyrylan çäreler hemmelerde uly buýsanç döretdi.
Bu ýerde, gün-günden gözelleşýän Aşgabadyň günorta-günbatar böleginde ajaýyp ak mermerli binalary hem-de zerur bolan döwrebap düzümi özünde jemleýän täze kaşaň desgalar toplumy peýda boldy.
Ozal habar berlişi ýaly, paýtagtymyzda iki gatly kottejleriň hem-de üç we dört gatly ýokary amatlykly ýaşaýyş jaýlarynyň uly toplumy ulanmaga berildi.Paýtagtymyzy ösdürmegiň 15-nji nobatdakysynyň taslamasyny durmuşa geçirmegiň dolulygyna Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine ynanylandygy bellärliklidir.
Ykdysadyýetiň hususy ulgamynyň wekilleri ýurdumyzda milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan giň möçberli özgertmeler maksatnamalaryny durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşmak bilen, eziz Watanymyzyň gülläp ösmegine saldamly goşant goşýarlar. Özleriniň önümçilik we hünär kuwwatyny ýylsaýyn artdyrýan türkmen telekeçileri dürli ugurlarda, şol sanda gurluşyk ulgamynda üstünlikli işläp, ähli babatda ýokary ussatlyk görkezýärler.Täze ýaşaýyş toplumy Aşgabadyň ajaýyp binagärlik keşbi bilen sazlaşyp, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň aýdyň nyşany hem-de hormatly Prezidentimiziň amala aşyrýan durmuş ugurly syýasatynyň aýdyň miwesi bolup durýar. “Döwlet adam üçindir!” diýen şygar şol syýasatyň özenini düzýär.
Soňky ýyllarda dünýä ölçegleriniň derejesinde ýaşaýyş jaý gurluşygy giň gerime eýe boldy.Türkmenistanlylaryň ýaşaýyş-durmuşy üçin has oňaýly şertleri döretmek milli Liderimiziň paýtagtymyzy ösdürmek baradaky maksatnamasynyň, şeýle hem ýurdumyzyň ähli sebitlerinde ýaýbaňlandyrylan toplumlaýyn özgertmeleriň esasy wezipesidir.Ählihalk baýramçylyklarynyň öňüsyrasynda Türkmenistanda ýaşaýyş jaýlaryny we beýleki desgalary ulanmaga bermek ajaýyp däbe öwrüldi. Ýurdumyzyň Garaşsyzlyk güni milli senenamamyzyň şanly seneleriniň hatarynda aýratyn orun eýeleýär.
Bu baýramçylygyň öňüsyrasynda paýtagtymyzda gurlan ýaşaýyş jaýlarynda halk hojalygynyň dürli pudaklarynda zähmet çekýän işgärleriň köpsanly maşgalalary jaý toýlaryny toýladylar.
DÖWREBAP WE KAŞAŇÝAŞAÝYŞ JAÝLARYKALPLARY JOŞA GETIRÝÄRAşgabady ösdürmegiň 15-nji tapgyry ähli amatlyklary göz öňünde tutulan 72 öýli 12 gatly jaýlaryň 12-sini hem-de 48 öýli 12 gatly jaýlaryň 6-syny, söwda merkezleriniň 11-sini, 600 orunlyk umumybilim berýän mekdebi we 160 orunlyk çagalar bagyny birleşdirýär.
Degişli inžener-aragatnaşyk we ýol-ulag düzümi göz öňünde tutuldy, zerur tehniki ulgamly täze ýollar çekildi.Desgalaryň ýanaşyk ýerleri doly abadanlaşdyryldy we bagy-bossanlyga bürendi.Täze bina edilen desgalaryň amatlylygyna, ekologiýa we bezeg meselelerine uly üns berildi.
Bu ýerde dynç almak, sport bilen meşgullanmak üçin meýdançalar we ýaşyl zolaklar göz öňünde tutuldy. Çagalar arassa howada oýnamak üçin ähli serişdeler bilen üpjün edilen çagalar meýdançalarynda öz wagtlaryny şadyýan geçirip bilerler.
Işjeň dynç almagy halaýanlar üçin bolsa, ýörite sport meýdançalary niýetlenendir. Şeýle hem jemgyýetçilik çärelerini geçirmek üçin desgalar göz öňünde tutuldy. Şäheriň bu böleginde täze seýilgäh hem peýda boldy.Ony döretmekde bezegiň döwrebap tehnologiýalary ulanyldy.
Paýtagtymyzdaky täze ýaşaýyş toplumlarynyň ýene-de bir aýratynlygy binanyň her biriniň degişli belgisinden başga-da, onuň adynyň bardygy bilen baglanyşyklydyr. Şol atlary bolsa binalaryň ýokarsynda ýazylypdyr.Aşgabady ösdürmegi 15-nji tapgyrynyň çäklerinde ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň birnäçesiniň hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň buýurmasy boýunça gurlan belent ak mermerli binalar “Abadan asuda”, “Parahat Watan”, “Bagtyýar zaman”, “Berk binýatly”, “Bilimli ylymly”, “Buýsançly”, “Magdanly mekanly”, “Mukamly”, “Baky dursun”, “Bereketli”, “Eziz Diýar”, “Ajaýyp eýýam”, “Joşgunly”, “Döwletli döwran”, “Paýhasly”, “Şan şöhratly”, “Melhem”, “Çeper eller” diýlip atlandyryldy.Täze 72 we 48 öýli 12 gatly jaýlarda ýokary amatlyklaryň hözirini görüp ýaşamak üçin ähli şertler döredildi.
Olarda 3 we 4 otagly kaşaň öýler, şol sanda giň myhmanhana otaglary, amatly ýatakhanalar, döwrebap durmuş tehnikalary bilen üpjün edilen aşhanalar we beýleki otaglar ýerleşýär. Öýleriň otaglarynyň ählisi beýikdir.
Binalaryň her birinde ýerasty awtoduralgalar bolup, ýaşaýyş-durmuşyň ähli ulgamlary göz öňünde tutuldy.
ÝÜZLERÇE MAŞGALATÄZE KOTTEJLEREGÖÇÜP GELDILERMukaddes Garaşsyzlygymyzyň halkymyza eçilen ýene-de bir miwesi ol hem türkmen halkynyň abadan, asuda we bolelin durmuşda baýnap ýaşamagy bilen şertlenendir.
Paýtagtymyz Aşgabatda täze görnüşli ýaşaýyş jaýlary, ýagny ähli amatlyklary bolan kaşaň kottejler toplumy gurlup, ulanmaga berildi.Paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Aşgabat şäherini ösdürmegiň 15-nji nobatdakysynyň çäklerinde gurlup, ulanmaga berilýän kottejler toplumynyň açylyş dabarasy boldy.
Iki gatly kottej jaýlaryň we üç hem-de dört gatly ýokary amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlar toplumynyň açylyş dabarasy paýtagtymyzyň günorta künjeginde boldy.Bu ýerde medeni-durmuş maksatly hem-de häzirki zaman durmuş düzümi bolan desgalaryň täze toplumy emele geldi.Bu taslamanyň durmuşa geçirilmegine 2015-nji ýylyň maý aýynda badalga berildi.
Hormatly Prezidentimiziň şol ýylyň aprel aýynda gol çeken Kararyna laýyklykda, birnäçe ministrlikleriň, pudak edaralarynyň, Aşgabat şäheriniň häkimliginiň ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň gurluşyk kärhanalarynyň arasynda ähli amatlyklary bolan hem-de ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyrylan ýaşaýyş jaýlaryny taslamalaşdyrmak we gurmak boýunça ylalaşyk gazanyldy. Şäheri ösdürmegiň 15-nji nobatdakysynyň çäklerinde Seýdi hem-de Mollanepes köçeleriniň ugrunda döwrebap binalar we düzümleýin desgalar guruldy.
Kottej jaýlar toplumy köpugurly “Aşgabat” stadionynyň we ýakynda açylan golf klubunyň ýanynda ýerleşýär.Bir söz bilen aýdylynda, göze gelüwli hem-de amatly kottej jaýlarynyň umumy eýeleýän meýdany 350 inedördül metr bolup, onuň döwrebap otaglary belentligi hem-de giňligi, myhman kabul etmek üçin ähli mümkinçilikleriň bardygy bilen tapawutlanýar.
Dört gatly kottej görnüşli ýaşaýyş jaýlarynda sekiz öý bolup, ýokarky gatlara çykmak üçin onuň eýwanynda basgançak we lift hereket edýär.Her gatda iki öý bolup, umumy eýeleýän meýdany 537,30 inedördül metr bolan öýlerde bäş otag bar. Üç gatly jaýlarda dört otagly alty öý bar.
Her öýüň eýeleýän meýdany 476,40 inedördül metr bolup, olarda 44,20 inedördül metrden başlap, 80,40 inedördül meýdany bolan üç sany ýatylýan otag, 113,60 inedördül meýdany bolan aýratyn otag, aşhana we beýleki otaglar bar.
Umuman, bu toplumyň tutuş keşbi bir bitewi utgaşyklylygy emele getirýär.Täze jaýlaryň hemmesiniň umumy binagärlik usuly we ak mermerli keşbi bolup, kaşaň demir aýmançalar bilen gurşalypdyr.Köçäniň yşyklandyryş sütünleri jaýlaryň üçekleriniň reňki bilen utgaşýar.Kottej jaýlar toplumynyň çäginde umumy meýdany 8,4 gektara barabar bolan seýilgäh guruldy.
Olarda döwrebap yşyklandyryjylar, oturgyçlar, howuzly suw çüwdürimleri bar.Granit ýodajyklar we ýerasty geçelge guruldy.Mundan başga-da, şäheriň şu künjegindäki Seýdi we Mollanepes köçeleriniň durky düýpli täzelenildi.
Olaryň umumy uzynlygy 1533 metr bolup, köçeleriň ini 12 metre barabardyr. Şeýle hem jaýlaryň aralaryndan we ýanaşyk ýerlerinden köçeler çekildi.Umuman, bu ýerde 13 müň 572 metr uzynlygy bolan köçeler çekildi.Türkmenistanlylaryň durmuş şertlerini gowulandyrmak, ýaşaýyş düzümini yzygiderli kämilleşdirmek bilen baglanyşykly meseleler hormatly Prezidentimiziň hemişe üns merkezinde durýar. Ýurdumyzyň raýatlaryna berilýän ýeňillikli karz serişdeleri şäherleriň we obalaryň ilaty üçin amatly ýaşaýyş jaýlarynyň elýeterliligini üpjün etdi. Şunda ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygynyň giň gerimde alnyp barylmagy netijesinde, Aşgabatda her ýylda müňden gowrak maşgalalar täze jaýlara göçüp barýarlar.Şeýlelikde, şu günler paýtagtymyzda geçirilen binagärlik açylyş dabaralary milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda parahatçylygyň, döretmegiň we ösüşiň ýoly bilen öňe tarap ynamly gadam urýan hem-de mukaddes Garaşsyzlygynyň 26 ýyllygyny garşylamaga taýýarlyk görýän eziz Watanymyzyň täze taryhyna nobatdaky sahypany ýazdy.