Garaşsyzlyk bilen galkyndy Diýar

Halkyň Arkadagly zamanasy ýylynda ýurdumyzda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 31 ýyllygy giňden bellenildi. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 31 ýyllyk baýramynyň giňden bellenýän günlerinde ähli pudaklarda ýokary netijeler gazanylýar, paýtagtymyzda hem-de welaýatlarymyzda halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň gowulanmagyna, ýokary ykdysady netijeleriň gazanylmagyna gönükdirilen desgalar, binalar gurlup ulanylmaga berildi.

Biz her ýyl Garaşsyzlyk baýramyna sowgatlar bilen barmak isleýäris.Bu isleg içki dünýämizde mukaddes borja, jogapkärçilige öwrülýär.Her ýylyň Garaşsyzlyk güni zähmet ýeňişlerine beslenýär.Häzirki wagtda Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda ýurdumyz ähli ugurlar boýunça uly üstünliklere beslenip, bedew bady bilen öňe barýar.

Ykdysady kuwwatynyň artmagy bilen, ýurdumyzda gurulýan desgalaryň sany köpelýär, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi yzygiderli ýokarlanýar.Gazanýan üstünliklerimiz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň eçilen datly miweleridir. Ýurdumyz ösüşleriň-özgerişleriň mekanyna öwrüldi.Durmuşa geçirilýän işleriň özeninde hormatly Prezidentimiziň alyp barýan syýasaty durýar.Dost-doganlygyň mekany bolan ýurdumyzda halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak, raýatlaryň hukuklarynyň amala aşyrylmagyny üpjün etmek, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini berkitmek, ösüp gelýän ýaş nesli bilime, ylma, halal zähmete hormat goýmak ruhunda terbiýelemek biziň baş maksadymyzdyr.Ýurdumyzyň 1991-nji ýylyň güýzünde mukaddes Garaşsyzlygyna eýe bolup, sanlyja ýyllaryň dowamynda dünýäde iň abraýly döwletleriň birine öwrülmegi, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Kararnamalary esasynda hemişelik Bitaraplyk derejesi berlen ýurt hökmünde resmi taýdan iki gezek ykrar edilen ýeke-täk döwlet hasaplanylmagy, ähli başlangyçlary biragyzdan goldanylýan sebit hökmünde Türkmenistanyň özüni tanatmagy ýurt Garaşsyzlygymyzyň miweleridir.

Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanylan üstünliklere ser salanymyzda, ýurdumyzda uly ösüşleriň gazanylandygyny görmek bolýar. Şu ýerde käbir sanlara ýüzlenesimiz gelýär. 20112021-nji ýyllarda ykdysadyýetimize gönükdirilen umumy karzlaryň möçberi 17,2 milliard manatdan 106 milliard manada çenli ýokarlandy.

Bu karz serişdeleriniň hasabyna Aşgabat şäherinde we sebitlerimizde ýokary tehnologiýaly täze önümçilikler döredildi.Häzirki zaman durmuş, ulag-kommunikasiýa, inženerçilik infrastrukturalary emele geldi. Şu ýyl ýurdumyzyň günbatar we demirgazyk sebitleriniň merkezlerinde köpugurly hassahanalar, Daşoguz şäherinde bolsa onkologiýa hassahanasy dabaraly ýagdaýda açylyp ulanmaga berildi.

Aşgabat şäherinde Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň, Halkara pediatriýa merkeziniň hem-de Stomatologiýa merkeziniň gurluşyk işleri alnyp barylýar. Ýurdumyz bäsdeşlige ukyply smart telewizorlary, noutbuklary, planşetleri, monobloklary, sensor ekranly kompýuterleri dünýä bazaryna çykarýar.

Häzirki döwürde dokma kärhanalarynyň 60-dan gowragynda nah we garyşyk ýüplükleriň dürli görnüşleri, tüýjümek, jins matalary, taýýar egin-eşikler, el halylary öndürilip, ýokary hilli harytlar dünýä bazaryna çykarylýar. Ýakyn geljekde dünýäniň inženerçilik serişdelerini, binagärlik sungatynyň gazananlaryny ulanmak arkaly dürli maksatly ajaýyp binalary we desgalary öz içine alýan, ýaşamak we dynç almak üçin ähli zerurlyklary üpjün edilen Aşgabat-siti gurlar. Ýakynda Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň çäginde welaýatyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň birinji tapgyry dabaraly ýagdaýda açylar.Ýokarda agzalan ykdysady görkezijilerden hem görnüşi ýaly, beýik ösüşleriň okgunly bady, ähli künjekleri gurşap alan giň möçberli özgertmeler döwrümiziň beýik ösüşlere beslenýändigini görkezýär.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistany toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Şunda milli ykdysadyýetiň esasy ulgamlaryny has-da ösdürmäge degişli işler durmuş ugurly wezipeleri çözmek bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Ýurdumyzda yzygiderli durmuşa geçirilýän maksatnamalar, şol sanda 2028-nji ýyla çenli döwür üçin niýetlenen Prezident Maksatnamasy, Oba milli maksatnamasy, Türkmenistany 20222052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy munuň aýdyň subutnamasydyr.Ýurdumyzyň geljekki rowaçlyklaryny hem-de halkymyzyň eşretli durmuşyny nazarlaýan maksatnamalaýyn işleriň ara alnyp maslahatlaşylmagy hem-de olar boýunça degişli çözgütleriň kabul edilmegi bolsa Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň geljekki ösüşleriniň binýadyny berkider.

Watanymyzyň pajarlap ösmegi, halkymyzyň bolelin durmuşda ýaşamagy, döwlet berkararlygymyzyň dowamat dowam bolmagy ugrunda beýik işleri amala aşyrýan Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun.

Hekim ORAZOW,S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniňmugallymy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan himiýa senagatyny ösdürmekde “Daewoo E&C” kompaniýasynyň tekliplerine seretmäge taýýar
2023-nji ýyl üçin maýa goýum Maksatnamasy taýýarlanylar
Alekseý Teksler Aşgabatdaky Günorta Uralyň wekiliýetine ýolbaşçylyk etdi
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Döwlet Maslahatyndaky ÇYKYŞY
Aşgabat-siti 744 gektar meýdanda gurlar
Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, energetika pudaklarynyň ösüşi atly maslahat geçirildi