Garaşsyzlyk baýramynyň öň ýany ulanyşa berlen’ jaýlar barada ýasama reportažlar ýazgy edilýär

Garaşsyzlyk baýramynyň öň ýany ulanyşa berlen’ jaýlar barada ýasama reportažlar ýazgy edilýär

Türkmenabatda Garaşsyzlyk baýramyna gabat ulanyşa berilmeli jaýlaryň entek doly taýýar däldigi, ýöne onda-da döwlet telewideniýesiniň, bu babatda ýasama, galp reportažlary ýazgy edýändigi bellenilýär. Şol bir wagtda, jaýlar üçin öňünden töleg geçiren raýatlar şertnamada göz öňünde tutulan şertleriň doly berjaý edilmeýändigini aýdýarlar.

27-nji sentýabrda belleniljek Garaşsyzlygyň 32-nji ýyl dönümine gabat, Lebap welaýatynyň merkezi şäherinde 42 otagly 10 sany jaýy ulanyşa bermek göz öňünde tutulýar.

Emma habarçymyz Türkmenabadyň Demir-beton zawody tarapyndan bina edilen bu jaýlaryň aglabasynyň diňe daşynyň taýýardygyny, içiniň otaglarynyň köpüsinde entegem gurluşyk işleriniň dowam etdirilýändigini anyklady.

Ol döwlet telewideniýesiniň, hamala, bu jaýlar doly ulanyşa berlen ýaly, öňünden ýasama wideo reprtažlary ýazgy edýändigini hem belledi.

“Wideo üçin jaýyň diňe iki otagyny abatlaýarlar we bezeýärler. Ýöne içiniň mebellerini jaý eýesiniň özüne satyn aldyrýarlar.Bolmasa, şertnamada öý goşlarynyň doly üpjün ediljekdigi aýdylýar.Dört otagly bir jaýyň esasy mebellerini satyn almak üçin bankdan 60 müň manat karz almaly boldum” diýip, mundan iki ýyl ozal, jaýyň gurluşygy ýaňy başlanan wagty 600 müň manat möçberinde doly tölegi geçiren ýaşaýjy gürrüň berdi.

Ol özi ýaly beýleki birnäçe ýaşaýjy bilen, üpjün edilmeli öý goşlary babatynda arz-şikaýat etmäge synanyşandyklaryny, emma resmileriň Razy bolmasaňyz, başga hyrydar taparys’ diýip jogap gaýtarandyklaryny we geçiren tölegleriniň hasabyna welaýatyň beýleki çetki etraplaryndan jaý bermegi teklip edendiklerini belledi.

“Arzyňy eşitdirjek gümanyň barmy?! Olaryň şertlerine, haýbatlaryna boýun bolmaly bolýar. Üstesine-de, wideo ýazgy edenlerinde, jaýlary prezidentiň sowgady’ diýip taryplaýarlar. Doly tölegini eden jaýlarymyz nädip birdenkä sowgat’ bolýar?!” diýip, habarçymyzyň söhbetdeşi nägileligini bildirdi.

Azatlyk beýan edilen bu ýagdaýlar boýunça Türkmenabadyň häkimliginden we binalaryň gurluşygyny alyp barýan Türkmenabadyň Demir-beton zawodyndan kommentariýa alyp bilmedi.

Döwlet statistikalary ýurduň ýaşaýyş jaý gorlary boýunça hakyky sanlary äşgär etmeýär.

Türkmenistanda ilatyň ýaşaýyş jaý meselesi köpýyllyklaryň dowamynda ýiti problema bolmagynda galýar. Oba we etrap ýerlerinde san taýdan giňeýän köp hojalyk adatça döwletden mellek ýerlerini alyp, howly jaýlaryny dikleýärler.

Ýaş maşgalalaryň girdejileri köplenç özbaşdak bina edilýän howly jaýlaryň gurluşygyna siňdirilýär. Adamlar mellek ýerlerinde köplenç toýun-toprakdan galdyrýan jaýlaryny tapgyrlaýyn gurýarlar we gurluşyk işleri birnäçe ýyla çekýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.ý

Ýene degişli makalalar

Aşgabatda täze diş merkezi gurulýar, Lebapda lukmanlar dermanlary we serişdeleri öz hasabyna satyn alýar
Yslamabatda Türkmenistanyň ilçisi bilen Pakistanyň Senatynyň başlygynyň duşuşygy geçirildi
Daşoguz şäherinde 8 sany 4 gatly täze ýaşaýyş jaýlary açyldy