Şekillendiriş sungaty muzeýiniň Türkmenistanyň Garaşsyzlyk baýramyna bagyşlanan tematiki sergisi çeper metaforalar dili bilen ýurdumyzyň iň täze taryhynyň şanly senesi barada gürrüň berýär.
Abadanlygyň we uly möçberli özgertmeleriň döwrüniň waspyny ýetirýän işler Rahman Umarowyň Аsudalyk atly suraty bilen açylýar. Depesinden goşa guw uçup barýan howdanyň asuda suwuna zümerret reňkli derekleriň şekili düşüpdir. Ýumşak reňkleri we çotganyň şahyrana ýeňil yzlary bilen özüne bendi edýän suratyň ýordumynda sazlaşyk duýulýar, ol ruhubelentligi we maksada okgunlylygy aňladýar.
Türkmenistanyň halk nakgaşy Gennadiý Babikowyň Çüli atly suraty welaýatlardan muzeýe berlen işleriň biridir.Bu iş täzeden dikeldilenden soň ilkinji gezek görkezilýär.Nakgaş gyzylymtyl gür ýapraklara bürenen gojaman duby şekillendiripdir.
Wagtyň salymynyň ýoklugyna garamazdan daragt henizem gujurly görünýär.Onuň kuwwatly kökleri ýaş şahalary suwarýar...Gennadiý Babikowy tananlar türkmen topragynyň ajaýyp künjegi Çüliniň (häzirki Gökderäniň) nakgaşyň dynç almagy gowy gören ýeridigini aýdýarlar.
Yzzat Gylyjowyň belli işleriniň biri-de -- Güýz aýdymy atly suratydyr. Onuň özboluşly ýordumynda Türkmenistanyň halk nakgaşyna mahsus şahyrana we meteaforaly usul duýulýar. Onuň üýtgeşik gurluşy we sazandalaryň keşbini inçe ansentli çekmegi türkmen halkynyň milli gymmatlyklaryny beýan edýän suratyň täsirini has-da güýçlendirýär.
Daşoguz welaýatyndan zehinli ýaş nakgaş Merdan Kakabaýew sergä eziz Diýaryň tebigatyny wasp edýän şahyrana manzarlaryň üçüsini getiripdir.
Nikolaý Ýurýewiň Çarlak atly suratynda allegoriýa duýulýar. Ak guş Hazaryň mawy giňişliginiň depesinde buýsançly gaýmalap ýör. Nakgaş deňiz tolkunlaryny gojaman Hazaryň taryhy barada rowaýatlar bilen assossiasiýa döredýän üýtgeşik simwollar görnüşinde şekillendiripdir...