Türkmen halkynyň mukaddes Garaşsyzlygyna bolan hormaty, söýgüsi we wepalylygy ebedidir.Garaşsyzlyk güni pähim-paýhasly, zehinli, zähmetsöýer halkymyzyň döredijilikli ruhuny öz içine alýan, köňüllerimize buýsanç, kalbymyza mähir paýlaýan hem-de aýratyn taryhy many-mazmuna, uly ähmiýete eýe bolan baş baýramymyzdyr.
Berkarar Watanymyzyň barha artýan ykdysady kuwwatynyň aýdyň beýanyna öwrülýän hem-de halkymyzyň ägirt uly döredijilik we gurujylyk güýjüniň bardygyny dabaralandyrýan halkymyzyň gazanan üstünlikleri geçmişimizi, şu günümizi hem-de beýik geljegimizi özünde jemleýän Garaşsyzlygymyzyň milli buýsanjymyza öwrülendigini ykrar edýär.
Muňa şu ýylyň sekiz aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri hem aýdyň şaýatlyk edýär.
Maksatnamalaýyn çäreleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde sekiz aýyň jemleri boýunça jemi içerki önümiň durnukly ösüşi üpjün edildi.Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önüm 11,4 göterim artyp, ykdysadyýetiň pudaklarynda oňyn netijeler gazanyldy.
Bölek-satuw haryt dolanyşygy, 2021-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 10,5 göterim artdy. Ýurdumyzda özara bähbitli halkara hyzmatdaşlyk ýörelgeleri esasynda alnyp barylýan daşary ykdysady syýasatyň netijesinde daşary söwda dolanyşygynyň möçberi, geçen ýylyň degişli döwrüne garanyňda, 38,6 göterim ýokarlandy.
Sekiz aýyň jemleri boýunça Döwlet býujetiniň girdeji bölegi 106,3 göterim, çykdajy bölegi 97,5 göterim ýerine ýetirildi.Býujetiň serişdeleriniň 80,9 göterimi durmuş ulgamyny maliýeleşdirmäge gönükdirildi. Ýurdumyzyň iri we orta kärhanalarynda ortaça aýlyk zähmet haky, geçen ýylyň degişli döwrüne görä, 10,4 göterim ýokarlandy.
Zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary, talyp haklary öz wagtynda maliýeleşdirildi.Maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň möçberi, 2021-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 7,5 göterim artdy.
Oba milli maksatnamasynyň çäklerinde ýurdumyz boýunça medeni-durmuş maksatly desgalaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň, inženerçilik ulgamlarynyň gurluşyk işleri alnyp barylýar.Ýurdumyzyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasyny ýerine ýetirmegiň çäklerinde nebiti we gaz kondensatyny çykarmak boýunça gazanylan ykdysady-tehniki görkezijiler hem ýokary boldy.
Türkmennebit döwlet konserni tarapyndan bu meýilnama 100,7 göterim berjaý edildi.Söwda toplumynda, şeýle-de telekeçilik ulgamynda şu ýylyň sekiz aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri hem ýokary boldy.
Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi boýunça söwda dolanyşygynyň ösüş depgini, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 104,1 göterime, önüm öndürmegiň ösüş depgini 106,5 göterime barabar boldy.Gurluşyk we senagat toplumynda öndürilen önümleriň we ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 152,2 göterim ýerine ýetirildi.
Gurluşyk we binagärlik ministrligi boýunça ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 115,2 göterim amala aşyryldy.Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi öndürilen önümleriň we ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasyny 165,3 göterim ýerine ýetirdi.Oba hojalyk toplumynda önüm öndürmegiň ösüş depgini, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 109,3 göterime deň boldy.
Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi boýunça bu görkeziji 109,8 göterime, Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti boýunça 104,2 göterime hem-de Türkmen atlary döwlet birleşigi boýunça 103,7 göterime barabar boldy. Ähli pudaklaýyn düzümler tarapyndan maýa goýumlary özleşdirmegiň meýilnamasy 185,7 göterim ýerine ýetirildi.Ulag-aragatnaşyk toplumy boýunça ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň ösüş depgini 112,7 göterime deň boldy.
Awtomobil, demir ýol, howa, deňiz we derýa ulaglary arkaly ýük daşamagyň meýilnamasy 110,4 göterim, ýük dolanyşygynyň meýilnamasy 108,7 göterim ýerine ýetirildi.Umuman, şu ýylyň sekiz aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri ýurdumyzyň depginli ösmegini dowam etdirýändigini görkezýär.
Jemi içerki önümiň ösüşi 6,2 göterim derejede saklanýar.Diýarymyzda iri senagat we durmuş maksatly desgalaryň gurluşygy dowam edýär. Şolaryň hatarynda täze şäherçeleri, ýaşaýyş jaýlaryny, dynç alyş-sagaldyş merkezlerini, mekdepleri, çagalar baglaryny hem-de beýleki ençeme desgalary görkezmek bolar.Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ykbaly göterilen halkymyz hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda ajaýyp döwrüň hözirini görýär.
Watanymyzyň şanly Garaşsyzlyk toýuny uly zähmet üstünlikleri bilen, ruhubelentlikde, bir saçagyň başynda jemlenip, agzybirlikde, asudalykda garşylamak bolsa halkymyzyň asylly däbine öwrüldi.Bagtyýar döwrümize buýsanyp ýaşaýan agzybir halkymyzyň halal zähmetinden barha rowaçlanýan, beýik Garaşsyzlygymyzyň 31 ýyllyk şanly baýramyna ynamly barýan güneşli ýurdumyz ösýär, özgerýär.
Bagtyýar döwrümiziň ösüşlerini her bir pudakda, her bir oba-şäherde, hat-da ýurdumyzyň iň alysdaky künjeklerinde hem görmek bolýar.Bu bolsa berkarar döwletimizde halkymyzyň eşretli, erkana, bagtyýar durmuşynyň üpjün edilýändigini görkezýär.Ýurdumyzy hemmetaraplaýyn ösdürmekde uzakmöhletleýin maksatnamalary yglan eden hormatly Prezidentimiziň tutumly işleri barha rowaç alyp, durmuşa geçirilýän düýpli işleriň netijesinde ata Watanymyz uly ösüşleriň ýolundan barýar.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata Watanymyzy beýik ösüşlere alyp barýan, halkymyzyň eşretli durmuşyny üpjün edýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, başy dik, il-ýurt bähbitli tutumly işleri hemişe rowaç bolsun.
Gülşat Atamyradowa,Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymy.