GARAŞSYZ, HEMIŞELIK BITARAP TÜRKMENISTANYŇ HALKYNA

GARAŞSYZ, HEMIŞELIK BITARAP TÜRKMENISTANYŇ HALKYNA

Eziz halkym!

Hormatly uruş weteranlary!

Sizi 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 78 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn. Parahatçylygy, dostlugy, hoşniýetliligi dabaralandyrýan Ýeňiş gününiň şanyna geçiriljek medeni-jemgyýetçilik çäreleriniň, aýdym-sazly dabaralaryň ata-babalarymyzyň gahrymançylygyna goýulýan hormatyň, belent sarpanyň mynasyp beýanyna öwrülip, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyza bolan buýsanjymyzy has-da pugtalandyrjakdygyna berk ynanýaryn.

Watansöýüjilik, ynsanperwerlik, gaýduwsyzlyk, edermenlik türkmen halkynyň asyrlaryň dowamynda kemala gelen milli aýratynlyklaryna hem-de durmuş kadasyna öwrülen nusgalyk ýörelgeler bolup, olar dünýä taryhyna örän pajygaly, gandöküşikli, jebir-jepaly döwür hökmünde ebedi ýazylan 1941 — 1945-nji ýyllarda has-da aýdyň ýüze çykdy.

Mukaddes ýörelgelerimize berk eýeren merdana watandaşlarymyz doganlyk halklaryň wekilleri bilen egin-egne berip, ХХ asyryň ýowuz urşunyň azat-erkana durmuş ugrundaky aldym-berdimli söweş meýdanlarynda edermenligiň, gaýduwsyzlygyň we gahrymançylygyň belent nusgasyny görkezip, baky şöhrata mynasyp boldular.

Bu örän agyr döwürde tylda galan Türkmenistanyň ilaty — garrylardyr gelin-gyzlar, ýetginjekler «Ähli zat front üçin, ähli zat Ýeňiş üçin!» diýen ählihalk şygaryna eýerip, parahat, abadan durmuşa beýik ynam bilen, synmaz erke hem-de päk arzuwlara daýanyp, gije-gündiz tutanýerli, gaýratly zähmet çekdiler, fronta zerur bolan önümleri iberip, Beýik Ýeňşiň gazanylmagyna uly goşant goşdular.

Ýürek-bagry paralaýjy bu agyr döwürde gelin-gyzlarymyz, enelerimiz tarapyndan altyn we kümüş şaý-sepleriniň 7392 kilogramy Goranmak gaznasyna meýletin tabşyryldy, milli öwüşgine eýlenen nepis halylardyr keşdeler dokaldy, gaýduwsyzlygy hem-de watansöýüjiligi terbiýeleýän hüwdüler, monjugatdylardyr läleler döredildi.

Munuň özi halkymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda nesilden-nesle geçirilip, kämilleşdirilip gelnen watansöýüjilik, ynsanperwerlik, zähmetsöýerlik, hoşniýetlilik, arassa ahlaklylyk ýaly mukaddes ýörelgelere ygrarlydygynyň belent nusgasyna öwrüldi.

1941 — 1945-nji ýyllaryň şöhratly taryhyny, söweş meýdanlarynda şirin janyny gaýgyrman, hakyky gahrymançylyk görkezen, front üçin gijesini gündiz edip zähmet çeken watandaşlarymyzyň nusgalyk söweş hem-de durmuş ýollaryny nesiller hiç haçan unutmaz.

Merdana watandaşlarymyzyň gahrymançylykly we gaýduwsyz durmuş ýollary nesiller üçin Watana, halka, tutuş adamzada ak ýürekden gulluk etmegiň, wepalylygyň nusgalyk mekdebidir. Şoňa görä-de, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hem asylly däbimize eýerip, Ýeňiş baýramyny giňden dabaralandyryp, baky hormatyň, ebedi şöhratyň beýik nusgasyny döreden gahrymanlarymyzy hatyralap, ýyllaryň we nesilleriň arabaglanyşygyny has-da berkidýäris.

Eziz watandaşlar!

Agzybirligimize we jebisligimize daýanyp, gurmagyň, döretmegiň, bagtyýarlygyň hem-de berkararlygyň ýoly bilen öňe barýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzda zähmetsöýer, gujur-gaýratly merdana halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi barha ýokarlandyrylýar. Ýurdumyzyň syýasy, ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda ynamly ösýän, abraýly döwletleriň biri hökmünde dünýäde doly ykrar edilmegi üçin tutumly işler, giň gerimli özgertmeler üstünlikli amala aşyrylýar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuş ugruna gönükdirilen beýik başlangyçlaryndan, gymmatly ynsanperwer taglymatlaryndan ugur alyp, ýurdumyzyň ösüşiniň täze tapgyrynda baý durmuş tejribesi, pähim-parasatly öwüt-ündewleri, wagyz-nesihatlary bilen jemgyýetimiziň agzybirligini we jebisligini has-da pugtalandyrmaga, ýaş nesilleri watansöýüjilik, ynsanperwerlik ruhunda terbiýelemäge saldamly goşant goşýan uruş we zähmet weteranlarymyzy — paýhasly ýaşulularymyzy, mukaddes ojaga wepaly eziz enelerimizi uly aladalar bilen gurşap alýarys.

Adamzada parahatçylyk we asudalyk ýaly bahasyna ýetip bolmajak gymmatlyklary peşgeş beren weteranlarymyza, ýaşulularymyza uly hormat bilen garaýarys.Olaryň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň yzygiderli gowulandyrylmagy üçin ähli şertleri döredýäris.Eziz Watanymyz hakyndaky iňňän beýik, mukaddes düşünjelerimizi, ynsan mertebesini belent tutmagy, ata-enä, ula-kiçä sarpa goýmagy ündeýän, ak ýürekli, lebzi halal, zähmetsöýer, belent ahlakly bolmagy wagyz edýän, hakyky watançylary terbiýelemekde görelde bolýan ýaşuly nesillerimiz biziň buýsanjymyzdyr.

Eziz halkym!

Hormatly uruş weteranlary!

Sizi 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 78 ýyllygy mynasybetli ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, uzak ömür, asuda, abadan, bagtyýar durmuş, eziz Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin.

Türkmenistanyň Prezidenti

Serdar BERDIMUHAMEDOW

Ýene degişli makalalar

Dana şahyryň döredijilik taglymaty
GARAŞSYZ, HEMIŞELIK BITARAP TÜRKMENISTANYŇ HALKYNA
НАЦИОНАЛЬНЫЙ ЛИДЕР ТУРКМЕНСКОГО НАРОДА ПРОВЁЛ ОБЩИЙ УРОК ПО ИСТОРИИ СТРАНЫ, О ДОЛГЕ И ОБЯЗАННОСТЯХ МОЛОДОГО ПОКОЛЕНИЯ
Erdogan: Ýer Titremelerde Pida Bolanlaryň Gussasy Ilkinji Günündäki Ýaly Ýürekleri Daglaýar
Türkmenistanyň Prezidenti watandaşlaryny Oraza baýramy bilen gutlady
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI GARAŞSYZLYK BINASYNA GÜL GOÝMAK DABARASYNA GATNAŞDY