
Azyk harytlarynyň iki esse gymmatlamagy, Ukrainadaky urşa türkmen harbylarynyň hem gatnaşyp başlamagy, Lebapda häkimleriň baş goşýan korrupsiýa hadysalary ýaly garaşsyz habarlar ilat arasynda rezonans döredýär, ýöne prezident heniz bulara reaksiýa bildirmeýär diýip, Azatlyk Radiosynyň synçysy aýdýar.
Türkmenistan barada garaşsyz habar berýän sanlyja media serişdesi, olaryň hatarynda Azatlyk Radiosy bar. Azatlyk bu ýurtda bolup geçýän, ýöne resmi metbugatda agzalmaýan wakalar barada türkmen dilinde habar berýän ýeke-täk garaşsyz maglumat çeşmesi bolup durýar.
Ýapyk ýurduň içinde bolup geçýän, ýöne resmi mediada agza alynmaýan wakalar barada garaşsyz media serişdelerinde yzygiderli berilýän habarlar soňky wagtlarda ilat arasynda ýene-de has içgin täsir döredip başlady.
Aşgabatly synçy bazarlarda ogurlyk hadysalarynyň artmagy, Moskwa ugry boýunça gatnaýan türkmen uçarlarynyň ýatyrylmagy ýaly habarlar, galyberse-de syýasy doňaklygyň emele getiren ýadawlygy barada orta atylýan seljermeler ilat arasynda gyzyklanma döredýär.
Ýöne synçylara görä, ilatyň üns gönükdirýän gyzyklanmalary, informasion giňişlikde emele gelen rezonans häkimiýetlerden jogap tapmaýar.
Jogapsyz gyzyklanmalar
Ýurduň syýasy-jemgyýetçilik sahnasyny ýakyndan yzarlaýan ýerli analitikler döwlet ýolbaşçylarynyň halk arasynda peýda bolýan maglumat titreşmelerine biperwaýlyk bilen jogap berýändiklerini aýdýarlar.
Geň ýeri, döwlet ýolbaşçylarynyň bolup geçýän wakalar hem-de garaşsyz maglumat çeşmelerinde öňe çykýan habarlar boýunça emele gelen rezonansa biperwaý çemeleşmegi soňky wagtlarda intelligensiýa wekilleriniň arasynda, galyberse-de, harby we hukuk goraýjy edaralaryň işgärleriniň hem-de telekeçileriň arasynda hem ara alnyp maslahatlaşylyp başlanypdyr.
“Işewür gatlakdaky adamlar, käbir harbylar hem-de hukuk goraýjylar üçünji prezidentiň il içinde gyzyklanma döredýän habarlara hiç hili reaksiýa bildirmezligi dogrusynda özara gürrüňdeşlikleri gozgap başladylar” diýip, ýerli synçylar dürli pudaklardaky çeşmelere salgylanýar.
“Bu ýagdaý ýurduň üçünji prezidenti bolan Serdar Berdimuhamedowyň, kakasy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen deňeşdirilende hem, durmuş reallygyndan nähili uzaklaşandygyny açyp görkezýär” diýip, ýerli synçy aýdýar.
Türkmenistan, hususan-da, erkin maglumat dolanyşygy babatynda ýapyk ýurt. Bu ýurtda bolup geçýän wakalar diňe resmi medianyň ritorikasy esasynda şekillenýär we halk köpçüligine hödürlenýär.
Halkyň üns gönükdirýän meseleleri berk häkimiýet gözegçiligi astynda saklanýar. Şeýle şertlerde garaşsyz maglumat çeşmeleriniň ähmiýeti artýar. Soňky wagtlarda bolsa, garaşsyz habarlar ilat arasynda has içgin rezonans döredip başlady. Şeýle ýagdaýlara döwlet ýolbaşçysynyň reaksiýa bildirmezligi käbir harby we hukuk goraýjylaryň arasynda “özara pyşyrdylara” ýol açýar.
Türkmenistan barada erkin media serişdelerinde ýaýradylýan habarlar ozal hem prezidentler tarapyndan jemgyýetçilige açyk görnüşde seljerilip ýa-da teswirlenip baranokdy.
Öňki terjibeler
Ýurduň ilkinji prezidenti Saparmyrat Nyýazow kä halatlarda, seýrek hem bolsa, Azatlyk Radiosynda çykýan habarlara reaksiýa bildirýärdi.
Meselem, bir gezek ol ilat arasynda geçirýän duşuşyklarynyň birinde şeýle diýdi:
“Maňa günde habar gelýär-dä: bir wagtlar Akdepede bir daýza Azatlyk radiostansiýasyny diňleýän ekenler-dä, onsoň aýdýarlar, pylany Türkmenbaşa para beripdir diýýärler, ol bäh, bu neresse-de alýan eken-ow’ diýipdir” diýip, Nyýazow, hamala, kinaýa bilen gürrüň gozgapdy.
Bu gürrüňdeşlik 2003-nji ýylyň tomsunda bolup geçipdi. Nyýazow garaşsyz habarlar barada, şular ýaly başga halatlarda hem gürrüň gozgapdy.
Türkmenistanyň ikinji prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow hem ýurtda bolup geçýän wakalar barada garaşsyz media serişdelerinde berilýän habarlara açyk reaksiýa bildirip baranokdy.
Ýöne birnäçe ýyl mundan ozal, ol heniz prezident wezipesini ogluna tabşyrmanka geçiren howpsuzlyk ýygnaklarynyň birinde Azatlyk Radiosynda çap edilen habarlaryň birnäçesini birbada gytaklaýyn tassyklap zerur çäreleri görmäge çagyrypdy.
Şonda ol Täze ýyl gijesinde Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynda bolan partlama, bir harby dikuçaryň heläkçilige uçramagy, şeýle-de başga bir harby ulagyň adam pidalaryna getiren heläkçilige uçramagy barada Azatlyk Radiosynda berlen habarlary gytaklaýyn tassyklap jenaýatçylyga garşy göreşilmegine çagyrypdy.
Bulardan başga-da, uly Berdimuhamedow ýokary wezipeli adamlaryň arasynda ýol berilýän korrupsiýa hadysalary, hukuk goraýjy edaralaryň ýokary wezipeli işgärleriniň baş goşýan jenaýat hadysalary barada hem tankydy çykyşlar edýärdi. Şeýle çykyşlar döwlet telewideniýesinde görkezilýärdi.
“Ýöne ýaş, täzeçil pikirli prezident diýlen üçünji prezident kakasyndan hem "ozdy". Indi döwlet baştutany hiç hili meseläni umuman dile getirenok" diýip, maryly we balkanly telekeçiler aýtdylar.
Daşoguzly polisiýa işgärleriniň anonim şertde gürrüň bermegine görä, soňky aýlarda ilat arasynda raýat işjeňliginiň artmagy netijesinde Internede we garaşsyz köpçülikleýin habar beriş serişdelerine ýurtda bolup geçýän jenaýatlar, hukuk bozulmalar hakynda has köp maglumatlar çykyp ugrady.
Soňky meseleler
"Raýatlaryň sosial işjeňligi ýuwaş-ýuwaşdan artyp başlady, sosial biparhlygyň derejesi kem-kemden kemelip ugrady.Netijede, bolup geçen ençeme jenaýat wakalary, kriminal habarlar Internede çykyp ugrady.Emma prezident Serdar Berdimuhamedow bularyň hiç birine aç-açan resmi reaksiýa bildirenok, ykdysady jenaýatçylyga baş uran häkimler, emeldarlar hakynda erkin mediada anyk faktlar bilen delillendirilen habarlar çykyp ugrasa-da, ýurt baştutany bulara hiç hili reaksiýa bildirenok, degişli faktlary seljermegi prokuratura aç-açan buýruk berenok" diýip, ol aýdýar.
Lebaply serhetçiler özleriniň agyr gulluk şertleri barada, umuman türkmen goşunynda dowam edýän gözgyny ýagdaýlar barada il arasynda dörän rezonansyň döwlet baştutanyndan jogap tapmaýandygyny aýdýar. Bu ýagdaý harbylaryň arasynda çekişme döredýär.
“Harbylaryň öý meselesi çözülmedi, esgerleriň iýmit, egin-eşik üpjünçiligi, çagyryş boýunça harby gulluga saglyk ýagdaýy pes bolan oglanlaryň hem köpçülikleýin çekilmegi, dini ynanjy boýunça harby gulluga ýaramsyz raýatlara alternatiw raýat işiniň teklip edilmezligi, goşunda dedowşinanyň saklanyp galmagy ýaly habarlar erkin mediada yzygiderli çykýar, emma ýaragly güýçleriň belent Serkerdebaşysy bu faktlara hiç hili resmi jogap, reaksiýa ýa duýgudaşlyk bildirenok " diýip serhetçi aýdýar.
Aşgabatda ýokary okuw jaýlarynyň talyplarynyň we mugallymlarynyň arasynda hem üçünji prezidentiň ýurt içindäki bolup geçýän negatiw wakalara we adamlaryň ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklary baradaky habarlara reaksiýa bildirmezligi dürli pikir alyşmalara sebäp boldy. Türkmen döwlet uniwersitetiniň üçünji kurs talyby bu ýagdaý barada anonim şertlerde şeýle gürrüň berýär:
"Türkiýede, Gazagystanda, ýa-da SSSR döwrüniň ahyrlarynda okap gelen az sanly mugallymlarymyz bar, olar ikiçäk ýa-da resmi däl görnüşde ýurtdaky käbir nogsanlyklar barada biz studentler bilen aç-açan gürrüň edýärler.
Soňky aýda ol gürrüňleriň esasy temasy - "näme üçin Serdar Berdimuhamedow hatda öz kakasynyň fonunda hem "has durmuş reallygyndan üzňe" bolup görünýär, ýogsa ol ýaş prezident we hut häkimiýetiniň ilkinji ýyllarynda halka ýakynlygy "oýnamak" usulynyň amatly wagty bolup durýar" diýen tema.
Mugallymlaryň we studentleriň köp bölegi muny "Kakasynyň täsirinden çykyp bilmezlik" diýip atlandyrsa, käbirleri "durmuş reallygyny boýun almaga howp hökmünde seretmeklik esasy sebäp" diýýärler" diýip, talyp aýdýar.
Aşgabatly synçy Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde “bedew bady bilen üýtgäp barýan geosyýasy durnuksyzlyk döwründe ilat bilen öz wagtynda dialogyň ýola goýulmagynyň möhüm bolup durýandygyny" aýtdy.
Şeýle dialog “ertirki günde ýüze çykyp biljek syýasy dartgynlylyk ýagdaýynda sähelçe hem bolsa poztitiw täsir bolardy we şeýle potensial durnuksyzlyklaryň öňünden gamynyň iýildigi bolardy” diýip, aşgabatly synçy aýdýar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.