Garaşsyz Diýaryň gül-gunçalary

Garaşsyz Diýaryň gül-gunçalary

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, Halkyň Arkadagly zamanasy“ ýylynda Çagalary goramagyň Halkara güni mynasybetli Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň gaznasyndaky eserlerden Garaşsyz Diýaryň gül-gunçalary“ atly baýramçylyk sergisi gurnaldy.

Sergide halypalar, Türkmenistanyň halk suratkeşleri Annadurdy Almammedowyň Ýer şaryny çagalara bermeli“, Durdy Baýramowyň Gyzymyň portreti“, Ýewgeniýa Adamowanyň Bagtly ene“, Şamuhammet Akmuhammedowyň Meniň maşgalam“, Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgärleri Şyhdurdy Oradowyň Meniň gyzym“, Nikolaý Çerwýakowyň Bagyryň çagalary“, suratkeşler Hoşgeldi Şahberdiýewiň Erik ýygymy“, Bazar Gurbangeldiýewiň Toý“ atly, nakgaş Agameret Garaýewiň Pälwan“, Çaryýar Durdyýewiň Kepderili gyzjagaz“, Artur Abramowyň Enelik“, Mihail Nowikowyň Parahatçylyk“ diýen eserleri çaga dünýäsine bagyşlanan bolup, onda olaryň arassa çaga dünýäsi, ylma-bilime bolan höwesleri barada gürrüň edilýär. Şeýlle hem ýurdumyzyň sungat mekdepleriniň okuwçylarynyň dürli döwürlerde ýerine ýetirip muzeý gaznasynda saklanýan gözel tebigatymyzy, dürli baýramçylyklary, gündelik durmuşda bolup geçýän wakalary şöhlelendirýän eserleri sergilendi.

Ilkinji gezek ellerine galam, çotga almagyň tärlerini öwrenen körpeler sungat äleminiň syrly dünýäsine höwes bilen aralaşyp, onuň her bir tilsimlerini ele almakda erjellik görkezýärler.Körpeleriň geljekde ussatlyga ýetirjek eserleriniň gözbaşy boljak çaga durmuşynyň dürli taraplaryny açyp görkezýän nakgaş we grafika eserlerinde olaryň içki dünýäsi öz beýanyny tapýar.

Sergide Aşgabat şäher müdirliginiň Bäşim Nuraly adyndaky 1-nji çagalar çeperçilik mekdebiniň hem-de 2-nji çagalar çeperçilik mekdebiniň körpeleriniň özara surat bäsleşigi geçirildi we 1-nji, 2-nji we 3-nji orunlara mynasyp bolan okuwçylara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň we Türkmenistanyň senagatçylar we telekeçiler birleşmesi tarapyndan baýraklar we höweslendiriji sowgatlar gowşuryldy.

Türkmen halkynyň körpe nesliniň ähli wekillerini Çagalary goramagyň Halkara gününiň baýramçylygy bilen tüýs ýürekden gutlaýarys. Çagalara janlarynyň sag bolmagyny , üstünlikleri arzuw edýäris!Dünýämiz parahat, çagalar bagtyýar bolsun!

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Permany
Berdimuhamedow ýurduň ýolbaşçylar düzümini Türkmenistanlyň Garaşsyzlygyň 30 ýyllygy mynasybetli ýadygärlik nyşany bilen sylaglady
Ene mähri diýen ada mynasyp bolan zenanlaryň sanawy paýlaşyldy
Milli Bahar baýramyna bagyşlanan göçme sergi
Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýiniň gaznasyndaky eserlerden M. Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky D.Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebinde guralan sergi