Şu ýylyň baharynda, CADI (Merkezi Aziýanyň çölleri boýunça başlangyç) taslamasynyň çäklerinde ýurdumyzyň iň demirgazyk tebigy goraghanasy bolan Gaplaňgyryň, onuň Şasenem we Sarygamyş çäkli goraghanalarynyň, şeýle hem olaryň töweregindäki ýerleriň barlagy geçirildi.
Ozaldan däp bolşy ýaly, biz gözel we myhmansöýer Aşgabatdan ýola düşdük.Paýtagtdan daş bolmadyk Çalyş obasynyň golaýynda gök öwsüp oturan ekinleriň arasynda iýmitlenip ýören çal durnalara gabat gelenimize begendik.
Suw daşan ýerlerde uzynaýak gyzylinjikler, bozgult tegmilli akar çeşme çuluklary, köl çarlaklary, kepderi pisint deňiz çarlaklary we kinniwanja ördeklere meňzeş, dünýäde iň uşak çuluklaryň biri tegelek burun ýüzegenjeler duş geldi.
Merkezi Garagum zeýakabasynda alagazlar hezil edip oýnasa, olaryň depesinde ownuk balyk agtarýan çirikler pyrlanyşýardy.Goraghanada işleýän kärdeşlerimize duşýançak biz özboluşly çöl landşaftlarynyň ikisiniň Merkezi we Üňüz aňyrsyndaky Garagumdan üstünden geçdik. Ösümlikleriň ösüşiniň tapawudy mese-mälim bildirýärdi günorta bölegi gülläp oturan bolsa, bahar ygalyna garaşyp ýatan demirgazyk tarapynda käte bir gök ösümlik göze ilýärdi.
Garagumyň ýalkymy atly tebigy gözel ýerden demirgazyrakda ýurdumyzda juda seýrek duşýan endemik ösümlik Aşgabat-Daşoguz gara ýolunyň ýakasynda 10 kilometr ýerde ösýän, Gyzyl kitaba girizlen türkmen dendrostelerrasyna gabat gelenimize şatlandyk.
Biziň botanik kärdeşimiz 70 düýp ösümligiň gowy ýagdaýda gülläp, miwä durandygyny aýtdy, munuň özi Türkmenistanda üýtgeşik çöl ösümliklerini goramak boýunça çäreleriň oňyn netijesidir.Biraz dem-dynç alanymzdan soň biz iki maşynda Malýap obasyna tarap ýola düşdük.
Beýik Ýüpek ýolunyň ugrundaky gadymy galanyň hatyrasyna atlandyrylan Şasenem zeýakabasynyň ugry bilen ýolumyzy dowam etdik.Zeýakaba we ony gapdallap gidýän ýol takyrlykdan ýeňil egremçeläp barýardy, biraz salymdan Gäwürgalanyň günorta-gündogar çägi göründi.
Düz ýerde gadymy Gäwürgalanyň pagsa öýleriniň we galalarynyň galyndylary seleňläp otyrdy.Daşoguz welaýatyndaky Gäwürgala Murgap jülgesindäki has gadymy gala ýaly meşhur bolmasa-da, taryhçylaryň üns bererine degýän ýer.
Ol köp wagt bäri ekologiýa syýahatçylygynyň ugurlarynyň biri hökmünde geljeginiň açylmagyna sabyrly garaşyp otyr, syýahatçylyk Şasenem goraghanasyny-da hökman öz içine alar.Biz köne galanyň birneme günorta-günbatarynda, zeýakabalaryň we olardan aýrylyp gidýän aryklaryň golaýynda pessejik gara sazakly kiçiräk jeňňeliň eteginde düşledik.
Kenarýaka jeňňeliklere az salymlyk gezelenjimiz hokgarlaryň, sülgünleriň we ýalpak ýere üýşen çuluklaryň arasynda gozgalaň döretdi.Gijeki awa taýýarlanýan baýguşlar goh turuzsa, ülkämizdäki iň kiçijik guşlar --şalkyguýruklar çalasynlyk bilen şahadan şaha bökjekleýärdiler, guýrugyny galdyryp, gyrymsy agaçlaryň arasynda gezip ýören torgaýlar we gijesine ýatara ýer agtarýan daraklyklar ...
töweregi has gözel görke salýardy. Şemalsyz-ýelsiz bahar gijesinde çybynlar sürüsi güwleşip gelse-de, reppelent olaryň öňden gelýän endiginiň soňuna çykdy...Daň agaryp-agarmanka guşlaryň hoş owaz hory täze dogan Güni mübäreklese, düýnki saýrak guşlaryň aýdymyna tiňňildewüjek aldawaçlaryň soprano sesi, ikatýoklaryň alt sesli owazy we gara garganyň bariton sesi goşuldy...
Gyssagara ertirlik edinip, ýene-de ýola düşdük.Zeýakabanyň boýy bilen ýolumyzy dowam edip, Tärim gaýanyň şahasyndan aýlanyp geçip, beýikligi 127 metr depede aýak çekdik.Göwenek arassa asmanda iri mör-möjekleri we beýleki uşak awuny agtaryp, pyrlanyp ýördi.
Seýrek jeňňelde hüşgär alahekek jakyrdaýardy, gat-gat gury minerally toýun uçutlarda meýneler bökjekleýärdi.Olar Amyderýa jülgesinde 100 ýyl mundan ozal peýda bolup, indi Hazaryň kenaryna golaýlaberdiler.Hoş gal Tärimgaýa, indi ugrumyz Şasenem çäkli goraghanasynyň we tutuş Gaplaňgyr goraghanasynyň merjeni, gyrly-gum düzlükleriniň arasynda dury suwy bilen göze ilýän Zeňňi baba kölüne tarap.