Ýol dannamaýam ulag Üňüz aňyrsyndaky Garagumyň takyrlaryndan, gum depelerinden aşyp gidip barýar, ýene bir depeden öteňsoň jöwza ümüzinde Zeňňibaba baýrynyň etegindäki mawy köller bu jelegaýlara aýagy düşenleri haýran edýär.
Biz olaryň taryhy seljermesine ýa-da arheologik ähmiýetine syn bermezden, onuň häzirki gününiň gürrüňini etmekçi.Adam eliniň gudraty bilen 1000 ýyl töweregi mundan ozal guran Amyderýanyň bu goluna çöli janlandyrýan tenekar suw ýene geldi.
Millionlarça kub metr suw kenarýakasynda ýüz müňlerçe gektar ýeri suwlylandyryp, jeňňelleridir beýleki suwly-batgaly ýerleri özgertdi.Suwuň getiren bioköpdürliligi haýran edýär: bu ýerde balyklaryň onlarça hem guşlaryň ýüzlerçe görnüşi üçin gowy iýmit bolan zerreje fito we zooplanktonlardan başlap tä ýagşy ösen fito we zoobentoslara çenli bar.
Biziň suwlarymyza mahsus ak çapak, teňňebalyk, taran, çehon, akmarka we sile garabalyklar, käte läheň lakglalar bilen birlikde Hytaýdan we Hindistandan getirilen tüňňimaňlaý, ak amur we ýylankelle balyklar hem ýerli şertlere uýgunlaşypdyr.
Suwuň gelmegi bu ýerler üçin ösümlikleriň we oňurgasyz jandarlaryň, şol sanda möýleriň hem-de mör-möjekleriň täze görnüşleriniň peýda bolmagyna ýardam edipdir. Şu töwerege ýerde-suwda ýaşaýan haýwanlar we ozal duş gelmeýän süýrenjiler gelipdir, özi-de bu ýagdaý suwlylandyrylýan meýdanlar artdygyça has çaltlaşar we giňişleýin ýaýrar.
Täze suw ýoly guşlaryň durmuşyny-da ep-esli derejede özgerdip, olaryň gadymy göç ýollaryny üýtgetdi we höwürtgeleýän çägini giňeltdi, bu bolsa guşlaryň görnüşiniň hem-de sanynyň artmagyna getirdi.Eremofilleriň üstüne suwly-batgaly toplumlarda we agaçly-gyrymsy agaçly ýerlerde ýaşaýanlar goşuldy, olaryň iki ýüzden gowrak görnüşi, şol sanda endemikler hem-de Gyzyl kitba girizilenler bar.
Biz bu ýerde iki sagada ýeter-ýetmez wagt eglensegem, guşlaryň ellä golaý görnüşine, şol sanda Gyzyl kitba girizilen akgöz çümgül ördeklere, jübütleniş lybasyna giren tersaýak ördeklere, owadan tautulara, seýrek duşýan sary hokgarlara, akguýruk gyzlarguşlara, garabaş gülegen çarlaklara, çertiklere, şol sanda iň irilerine höwürtgeleýän döwri gaýduwsyzlygy bilen haýran edýän sakaw çarlaklara syn edip ýetişdik.
Göwresi kepderiniňki ýaly, uzynlygy 8 santimetre çenli ýetýän ýiti, gyzyl çüňkli bu guşlar höwürtgesini goranda ýokardan dik aşak inip, çagyrylmadyk myhmanlary agyryly urgylary bilen gaçyp gitmäge mejbur edýärler. Çölde mesgen tutan dört aýakly jandarlardan mör-möjek bilen iýmitlenýänlerden kirpilerdir ýerköwüjiler bilen birlikde gemrijileriň, ýyrtyjylaryň dürli görnüşleri we jeňňellerde ýekegapanlar gowy ornaşypdyrlar, ürkejik jerenler güzere suwa inýärler. Çölümiziň baýyrlarynyň ençemesi ýaly Zeňňi baba düzlüginde hem wagtyň bolsa, gyrlara siňňin syn etseň, şowuna düşende geologik jynslar we häzirki ýa-da bireýýämler ýitip giden haýwanlardyr binalaryň sudurlary duşýar.
Durmuş ýollary bilen syýahat dowam eder, indi biziň ýolumyz Sarygamyş kölüniň gadymy çöketliginde dörän Gaplaňgyryň ikinji çäkli goraghanasyna sary...