Şu günler Garagumuň we Gyzylgumuň ýaýlalarynda dowarlardan owlak-guzy almak möwsümi hem gyzgalaňly dowam edýär. Şu ýyl maldarlar 79 müň 206 sany ene goýundan 72 müň 718 sany guzy almagy meýilleşdirdiler.
Häzirki wagtda Lebap welaýatynda dowarlardan alnan owlak-guzularyň sany 12 müň 452-ä ýetdi. Bu barada welaýat neşirinde habar berildi.
Habarda bellenilişi ýaly, möwsümde owlak-guzy almak boýunça Tallymerjen maldarçylyk hojalygy öňe saýlanýar. Bu ýerde täze dogulýan owlak-guzularyň sany 5100-e barabar boldy.
Tallymerjenliler möwsümde 14 müň 426 sany owlak-guzy almagy maksat edinýärler diýlip, habarda bellenilýär.