Garagum kanalynda iki suw howdany gurulýar

Garagum derýasynyň (Garagum kanaly) suw geçirijilik ukybyny artdyrmak ugrunda tagalla edilýär diýip, “Türkmenistan: Altyn asyr” 21-nji martda habar berdi.

Neşiriň habar bermegine görä, suw hojalyk hünärmenleri derýanyň akabasyny 200 kilometr uzaltmagy we Amyderýanyň suwuny Balkan welaýatynyň ýünorta-günbataryndaky çöllük ýerlere ugrukdyrmagy planlaşdyrýarlar. Bu taslamanyň çäginde müňlerçe gektar ýeri ekin dolanyşygyna dolap getirjek suw howdanynyň gurluşygyny hem öz içine alýar.

Suw hojalygy boýunça döwlet komitetiniň bölümleri günbatar Türkmenistanyň suw üpjünçiligini gowulandyrmak üçin Garagum derýasynda iki sany suw howdanyny gurýarlar: olaryň biri Bereket etrabynda bolup, 18 million kub metr suw toplamaga niýetlense, beýlekisi Danatada, 45 million kub metre çenli, hem içimlik, hem ekerançylyk suwuny toplamaga mümkinçilik döreder.

Derýanyň akabasynyň 1006-njy kilometrinde, Serdar şäheriniň suw üpjünçiligini gowulandyrmak üçin, bendiň we sazlaýjy desganyň gurluşygy alnyp barylýar.

Häzirki wagtda ýurduň suw howdanlarynda toplanan suwuň möçberiniň 2,7 milliard kub metre golýadygy bellenilýär.Neşir kenar ýakalarynda 260 gektardan gorak ýeriň arassalanylandygyny we ol ýerlerde 212 müň nahalyň oturdylandygyny habar berýär.

Häzir tut nahallary oturdylýar.Belleýäris, tut agaçlaryny ekmegi prezident tabşyrdy.

Derýa ideg etmek işleri bilen Türkmenistanyň Suw hojalygy komitetiniň bölümleriniň biri, “Garagumderýasuwhojalyk” birleşigi meşgullanýar.

Ýene degişli makalalar

6-njy noýabrda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
Magtymguly Pyragy döwürleriň şahyry
Kitaphana işi ösdürilýär
Halkara forumyň jemlerine bagyşlanan brifing
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady atly halkara forumdaky çykyşy
TAŇRY GIŇ EÝLESE BENDE KÖŇLÜNI
Dana şahyryň döredijilik taglymaty