Garagum derýasynda ýurduň günbatarynyň suw üpjünçiligni gowulandyrmak üçin howdanlaryň ikisi gurulýar

Garagum derýasynyň geçirijiligini ýokarlandyrmak boýunça işler alnyp barylýar.Müň kilometrlik kadalaşdyryjy desgalary, howdanlary, öz önümçilik binýady bolan bu derýa dünýäde iri suwaryş-suwlulandyryş ulgamyny döretmäge mümkinçilik berdi, ondan ýurduň oba hojalyk ekinleriniň million gektardan gowrak ýeri suwarylýar.

Gözbaşyny Amyderýadan alyp gaýdýan emeli derýa günorta-gündogar Garagumy, Murgap jülgesini, Murgap we Tejen derýalarynyň arasyny kesip geçip, Köpetdagyň eteklerine ýetýär.Suw hojalygynyň hünärmenleri Garagum derýasynyň hanasyny ýene 200 kilometre uzaldyp, Amyderýanyň suwuny Balkan welaýatynyň günorta-günbatar çöllük ýerlerine ugrukdyrmagy göz öňümde tutýarlar.

Derýa biziň miladymyzdan öňki döwürlerde Madawdepe, Yzzatguly, Taňsyklyja ýaly bol hasylly iri ilatly ýerler, şeýle hem Jürjan we Dehistan ýaly orta asyrlarda ösen şäherleriň galyndylary saklanyp galan Misserian düzlügini suwlulandyrar.

Türkmen gidrologlarynyň täze taslamasy müňlerçe gektar ýeri ekin dolanşygyna goşmaga mümkinçilik berjek howdanyň gurluşygyny göz öňünde tutýar.Günbatar Türkmenistanyň suw üpjünçiligini gowulandyrmak üçin Suw hojalygy döwlet komitetiniň edaralary Bereket şäheriniň töwereginde 18 million kub metr we Daňatanda 45 million kub metre çenli agyz, senagat we oba hojalyk ähmiýetli suw saklamaga niýetlenen howdanlaryň ikisiniň gurluşygyny alyp barýarlar.

Derýanyň hanasynyň 1006-njy kilometrinde Serdar şäheriniň suw üpjünçiligini gowulandyrmak üçin gatla we suwy kadalaşdyryjy desgalar gurulýar. Ýakyn ýyllarda derýanyň 326-njy we 456-njy kilometrlerinde suw kadalaşdyryjy, 680-nji we 753-nji kilometrlerinde sil suwlaryny geçiriji desgalar gurlar, kuwwatly sorujy beketleriň bäşisi işe giriziler.

Emeli derýanyň iri - Garaşsyzlyk we Howuzhan howdanlarynda suw degişlilikde 3,8 million we 1,5 million kub metr köpeler.Suw hojalygy döwlet komitetiniň edaralary bu ýerde degişli işleri alyp barýarlar.

Häzirki wagtda ýurduň howdanlarynda toplanan suwuň umumy möçberi 2,7 milliard kub metre golaýdyr.Her ýyl Amyderýadan Garagum derýasyna 15 milliard kub metr suw bilen birlikde 60-65 million kub metr çäge we gyrmança gelýär, olaryň bir bölegi howdanlarda hem-de derýanyň hanasynda çöküp galýar. Şonuň üçinem ýer gazyjy enjamlar bilen gaçylary gurmak, çägeli ýerlerde derýany giňeltmek we çuňaltmak boýunça işler alnyp barylýar.

Hünärmenleriň kenarlary arassalamak we tekizleýiş işlerini geçirmegi netijesinde derýanyň ugrunda baglar, üzünçilikler, bakja we beýleki oba hojalyk ekinleriniň meýdanlary kemala geldi, tokaý zolaklary döredilýär.Soňky ýyllarda suw hojalygy pudagynyň işgärleri kenar ýakasynda 260 gektardan gowrak ýeri arassaladylar, şol ýerlerde 212 müň nahal ekildi.

Häzirki wagtda tut nahallary oturdylýar.Döwrebap köprüler we ýolaýrytlar emeli derýa täze görk berdi, bu bolsa ponton geçelgeleriň birnäçesini aýyrmaga hem-de ony gämi gatnawly etmäge mümkinçilik berdi.

Türkmenistanyň Suw hojalygy döwlet komitetiniň edaralarynyň biri bolan “Garagumderýasuwhojalyk” birleşigi bu özboluşly suw ulgamyna hyzmat edýär.Edaranyň hünärmenleri suwuň gelşini düzgünleşdirýärler, suw almak meselelerini çözýärler, sorujy beketleriň işleýşini üpjün edýärler, hanasyny arassalaýarlar we çuňaldýarlar, howdanlaryň öz wagtynda suw bilen doldurylmagyny üpjün edip, Amyderýanyň suwunyň ekin meýdanlaryna üznüksiz berilmegini gazanýarlar.

Häzirki wagtda olaryň ygtyýarynda läbik çykaryjy enjamlaryň 100-den gowragy, elliden gowrak ekskawator we buldozer bar. Şu ýyl Gollandiýadan derýanyň hanasyny arassalamaga niýetlenen kompýuterli döwrebap enjamlaryň 30-sy getiriler.

Derýany we howdanlary biologik usulda arassalamak üçin birleşigiň ekologiýa ylmy-önümçilik merkezinde geçen ýyl ot iýýän balyjyklaryň 16 tonnasy ýetişdirildi hem-de olara goýberildi. Şu ägirt uly suw gorlaryndan ylmy taýdan esaslandyrylan esasda rejeli peýdalanylmagy daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçilikleri öz ýurdumyzda ýola goýmak we eksporata gönükdirmek döwlet maksatnamalarynyň jähtinden oba hojalyk ekinlerinden bol hasyl almaga mümkinçilik berer.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky şekillendiriş sungaty muzeýinde Medeniýet we sungat işgärleriniň güni hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli Bäş müň ýyllyk taryhy bar halkymyň“ atly serginiň
Türkmenistanyň Prezidenti Ýaşulularyň halkara güni bilen gutlady
Döwlet Baştutanymyz Daşoguz welaýatynda iri binalaryň açylyş dabaralaryna gatnaşdy
Ýerli synçy: Demokratiýa maşgalada başlaýar
Türkmen halysy — akyl ýetirip bolmajak gözellik
Nowruz bereketi döwrüň bereketi