Garagandaly Ankaradan Batumä çenli 1111 kilometr ýol geçdi

Garagandaly Ankaradan Batumä çenli 1111 kilometr ýol geçdi

Garagandaly Ashat Kažytaý Ankaradan Batumä çenli 1111 kilometr ýoly pyýada geçdi. 24 günde ol Türkiýäniň 20-den gowrak ululy-kiçili şäherlerinde boldy diýip, Gazagystanyň Hökümetiniň saýtyna salgylanýan MIR 24 ýazýar.

Kažytaýyň gürrüň bermegine görä, onuň pyýada syýahatynyň maksady dünýäde parahatçylygy, pyýada ýöremegiň peýdasy, tebigaty aýamaklygy hem-de sagdyn ýaşamagy wagyz etmekden ybaratdyr. Bu onuň ilkinji pyýada syýahaty däl, 2021-nji ýylda ol ýedi günde 333 kilometr aralygy geçdi we Garaganda oblastynyň iň ýokary belentligi bolan Aksorana bardy. Şol ýyl Ashat Ulytaudaky Auliýetau dag gerşine çenli 777 kilometri geçmegi başardy.

Garagandaly häzirki wagtda öz syýahatlary barada gazak we iňlis dillerinde kitap ýazýar. Kitabyň tanyşdyrylyşy şu ýylyň noýabrynda bolar.

Ýene degişli makalalar

"Çarwadar halklaryň medeniýetiniň baýramy". Çarwadarlaryň bütindünýä Oýunlary nädip döredildi?
Özbek dökünleri Türkmenbaşy portunyň üsti bilen Ýewropa ugradyldy
Türkmenistanly ýaş küştçüler dünýä çempionatynda üstünlikli çykyş edýärler
Türkmenistanyň ýaýdan nyşana ok atmak boýunça ýygyndysy Gruziýada geçiriljek halkara ýaryşa gatnaşar
Türkmen ýaý atyjy türgenleri Batumide 8 medal gazandylar
Lala Şöhradowa küşt boýunça Türkmenistanyň çempiony boldy