Türk Diliniň Jadyly Dünýäsi atly gepleşigimiziň 14-nji bölüminde biz ýene-de siziň bilen birlikde. Gepleşigimiziň geçenki bölüminde Horasan türkleri, Horasan türkleriniň ýaşaýan ýerleri we Horasan türk dili barada gürrüň beripdik. Şu gün bolsa Garagalpak türkleri, Garagalpak türkleriniň ýaşaýan ýerleri we Garagalpak türk dili barada gürrüň bermek isleýäris.
Garagalpak türkleri Türkistan geografiýasynda ýaşaýan gazak, gyrgyz, özbek, uýgur we türkmenler bilen deňeşdirilende sebitde az ilata eýe bolan türk kowumydyr. Garagalpak türkleri şu gün esasan hem Garagalpagystanda ýaşaýarlar we ilatynyň 2023-nji ýylda 900 müňdigi bilinýär. Garagalpagystan Özbegistana degişli awtonom respublikasydyr we taryhy Aral kölüniň günorta bölegi Garagalpagystan serhedinde ýerleşýär.
Garagalpak ady gara reňk manysyna gelýän “Gara” we telpek manysyna gelýän “Galpak” ýaly sözleriň birleşmeginden emele gelýär. Şoňa laýyklykda “Garagalpak” adynyň şol kowumyň urug aýratynlyklaryny kesgitleýän söz bolman, eýsem olaryň geýinmek usullary bilen arabaglanşyklydygyny aýtmak mümkin.
Garagalpak türkleriniň bu at bilen barlygy XVI asyrda ýüze çykýar. Şol döwürden ozalky taryhy çeşmelerde, “Gara konuslylar” ýa-da diňe “Konuslylar” ady bilen ele alynan Garagalpak türkleri, XI asyra degişli ýyl ýazgylarynda, “Çýornyýe kolbuki”, Arap taryhy çeşmelerinde bolsa “Karabörklü” atlary bilen ýazylyp geçilipdir.
Garagalpak türkleri taryhçy Reşüdiddiniň aýtmagyna görä, Mongol basypalyjylygy zamanynda “Kavm i külah i siyah” ady bilen tanalan bolsa, arap çeşmelerinde “En-Nüweýri”, Altyn Orda Gypjak kowumlarynyň arasynda “Kara Börklü” adyny göterýän topar barada aýdylyp geçilýär.
Taryhçylaryň pikiriçe, Garagalpak Türkleri VI asyrda Oguz, Gypjak we Peçenek ýaly türki taýpalarynyň garylmagy netijesinde emele gelen bir kowumdyr. Seljuklaryň ýolbaşçylygynda Oguzlar Eýranyň üsti bilen Anadola we Ýakyn Gündogara ýaýraýarka, Garagalpaklaryň bir böleginiň bulara goşulandygy, emma köpüsiniň Aral deňziniň töwereginde galandygy mälimdir.
Garagalpak türkçesi, türk dialektleriň geografik we lingwistik esaslara görä toparlara bölünmeginde Demirgazyk-Günbatar ýa-da Gypjak toparyna degişlidir. Türk dialektleriň arasynda iň köp Gazak we Nogaý türkçeleri bilen meňzeşlik görkezýär. Hatda käbir türkologlar Garagalpak türkçesini Gazak türkçesiniň bir topary hökmünde hasaplaýarlar.
Mälim bolşy ýaly XX asyra çenli häzirki döwürde gepleşilýän türk dialektleriň arasyndaky tapawutlylyk derejesi kän bir uly däldi. Şol sebäpli türkleriň standart ýa-da edebi dil düşünjesi hem tapawutlydy.
Mysal üçin, Gazaklar, Gyrgyzlar, Özbekler, Uýgurlar, Garagalpaklar ýa-da Türkmenler öz aralarynda taýpa atlaryna görä bölünseler-de, gepleşýän dillerini "Türkçe" diýip atlandyrýardylar, ýazuw dili hökmünde Alyşir Nowaýy döwründe ösüp, Günbatar edebiýatynda "Çagatay" ady bilen tanalýan ýazuw dilinden peýdalanýardylar. Şoňa görä, Garagalpak türkleri hem ady agzalan döwürde ýokarda bellenilen ýazuw dilini ulanypdyrlar, SSSR zamanynda bolsa her bir türk kowum üçin aýry bir elipbiýiň döredilmeginiň netijesinde Garagalpak türkleri hem öz gepleýişlerine esaslanan ýazuw dilini döretdiler.
Ady agzalan ýazuw dili 1989-njy ýylyň 1-nji dekabrynda resmi dil derejesini gazandy.Häzirki wagtda bolsa, Özbek türkçesi bilen bilelikde Garagalpak Awtonom Respublikasynyň resmi dilidir.Garagalpak türkçesi Garagalpagystan'da resmi pudaklarda, bilim ulgamynda, köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde we medeni çärelerde giňden ulanylýar.
Prof.Dr. Gülsüm Killi Ýylmazyň goşantlary bilen Dr.Saida Burkhanidinowa tarapyndan taýarlanan Garagalpak türkleri, Garagalpak türkleriniň ýaşaýan ýerleri we Garagalpak türk dilini gürrüň berýän bölümimizi tamamlaýarys. Nobatdaky bölümde türk dialektiniň gepleşilýän tapawutly geografiýada duşuşarys.