
Türkiýäniň Garadeňizde täze tebigy gaz burawlaýyş işlerine başlamak üçin taýarlyk görýändigi habar berildi.
Energetika we tebigy serişdeler ministri Fatih Dönmez, Twitterden beren habarnamasynda 2023-nji ýylyň birinji çärýeginde Garadeňizde tapylan tebigy gazyň ulanylmaga berilmegini maksat edinýändiklerini aýtdy.
Ministr Dönmez “Sakarýa gaz käniniň golaýynda täze burawlaýyş işleriniň başlamagy üçin taýarlyk görýäris. 2022-nji ýylda hem tebigy gazda buşlykly habar almagy umyd edýäris” diýdi.
Fatih burawlaýyş gämisi geçen ýyl Garadeňizde 540 milliard kub metrlik tebigy gaz tapypdy.