Garabogazkarbamid zawodynyň önümlerine daşary ýurtlardan uly isleg bildirilýär

Garabogazkarbamid zawodynyň önümlerine daşary ýurtlardan uly isleg bildirilýär

Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň çäginde ýerleşýän Garabogazkarbamid zawodynyň önümlerine Russiýa, Beýik Britaniýa, Şwesiýa, Türkiýe, Eýran, Gazagystan, Özbegistan we Owganystan ýaly döwletlerde uly isleg bildirilýär.

Döwrebap kärhanada şu ýylyň birinji ýarymynda 556 müň 500 tonna barabar karbamid döküni öndürilip, sarp edijilere ugradyldy. Ýokary hil derejesine laýyk öndürilen önümiň agramly böleginiň daşary ýurtly hyzmatdaşlar tarapyndan uly isleg bilen satyn alnandygyny aýratyn nygtamak gerek diýip, Balkan gazeti ýazýar.

Kuwwatly zawod 10 müň tonnalyk ammiak ammaryny, umumy sygymy 100 müň tonna karbamide deň bolan ammarlary, deňiz suwuny arassalaýjy we süýjediji desgany, elektrik energiýasyny öndürýän kuwwatly gazturbina generatoryny, ýaşaýyş-durmuş hem-de medeni maksatly desgalary, şonuň ýaly-da beýleki önümçilik zerurlyklaryny özünde jemleýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň maýa goýum forumynda, ýurdumyzyň ykdysadyýetine ýokary tehnologiýalary we innowasiýalary çekmek boýunça halkara maslahatda hem-de ugurdaş sergilerde sanly ulgam arkaly eden çykyşy
Türkmen alymlary ýerli çig maldan tehniki duz kislotasyny öndürmek üçin täze tehnologiýa döretdiler
Garabogazda ýol heläkçiliginde Ýokary gözegçilik edarasynyň iki işgäri heläk boldy
Lebaply kärendeçiler Özbegistandan kontrabanda ýoly bilen getirilen mineral dökünleri satyn alýarlar
Türkmen alymlary ýerli çig maldan duz kislotasyny öndürmegiň tehnologiýasyny taýýarladylar
ABŞ harbylary Eýranyň Ýemene iberen “Türkmenistanda öndürilen” himiki serişdelerini saklady