Türkmenhimiýa döwlet konserniniň Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň Garabogaz şäherçesindäki karbamid öndürýän zawodynda 2024-nji ýylyň geçen ýedi aýynda 566 müň tonna karbamid öndürmek baradaky meýilnama 104,5 göterime barabar amal edildi. Bu barada Türkmenistan gazetinde çap edilen makalada bellenilýär.
Bellenilişi ýaly, taýýarlanylan önümiň 663 müň tonna golaýy daşarky bazarlarda ýerleşdirilipdir. Kärhanada şu ýylyň geçen hasabat döwründe içerki sarp edijiler bilen baglaşylan şertnamalara görä ugradylan döküniň möçberi 43,6 müň tonnadan hem köp bolupdyr. Bu döwürde kärhana boýunça önümleri ýerleşdirmekde alnan girdejiniň möçberi 270 million manatlyga golaýlapdyr.
Bu toplum 10 müň tonnalyk ammiak ammaryny, umumy sygymy 100 müň tonna karbamide deň bolan ammarlary, deňiz suwuny arassalaýjy we süýjediji desgany, elektrik energiýasyny öndürýän kuwwatly gazturbina generatoryny, ýaşaýyş-durmuş hem-de medeni maksatly desgalary, şonuň ýaly-da, beýleki önümçilik düzümleriniň birnäçesini özünde jemleýär.
Zawodyň önümçilik kuwwaty her ýylda ýokary hilli karbamidiň 1 million 155 müň tonnasyny, ammiagyň bolsa 660 müň tonnasyny öndürmäge niýetlenendir.
2018-nji ýylyň 17-nji sentýabrynda dabaraly ýagdaýda ulanyşa girizilen önümçilik kärhanasy Türkmenhimiýa döwlet konserni bilen Ýaponiýanyň Mitsubishi Corporation kompaniýasynyň we Türkiýäniň Çalyk Holding kompaniýalar toparynyň düzümine girýän Gap Inşaat kompaniýasynyň döreden konsorsiumynyň arasynda gol çekilen Çarçuwaly Ylalaşyga laýyklykda bina edildi.