Garabagyň hekaýaty

Garabagyň hekaýaty

Azerbaýjanyň harby güýçleri Garabaga tarap ädim-ädim golaýlaýarka, ol ýerdäki ermeni basyp alyjylary üçin hem soňky perde açylan meňzeýär.Sowet Soýuzynyň dargamagyndan soň Ermenistanyň Garabagdaky ermeni ilatynyň üsti bilen sebiti basyp almagyndan bäri tas 30 ýyl geçen bolsa, 2020-nji ýylyň sentýabr aýynda 2-nji Garabag söweşi başdan geçirildi we ermeni güýçler derbi dagyn edildi.

Indi Azerbaýjanyň goşunlary terrorizme garşy operasiýa geçirip, 2020-nji ýylda başladan işini tamamlady.

SETA-nyň Daşary syýasaty öwreniji alymy Jan Ajunuň tema boýunça synyny dykgatyňyza ýetirýäris.

Garabagyň hekaýaty Sowet Soýuzynyň dargamagyndan soň başlady. 1988-nji ýylyň fewraly bilen 1994-nji ýylyň maý aýlarynyň aralygynda Ermenistanyň Garabagdaky ermenileri goramak sebäbi bilen başladan söweşinde Garabag basylyp alyndy we ol ýerdäki ermenileriň garaşsyz döwlet islegi ýüze çykdy. Şol döwürde Russiýanyň ermenileri goldamagy kesgitleýiji bolupdy.

Başdan geçirilen söweşde azerbaýjanlylara uly gyrgynçylyk edilendigine garamazdan, halkara jemgyýetçiligi dymmagy saýlap aldy.Elbetde bu dymmalykda ermeni lobbileriniň täsiri uludy.Emma sebitdäki güýç deňagramlyklarynyň üýtgän konýenkturasynda netijede Azerbaýjan, basylyp alynan ýerlerini azat etmek üçin 2020-nji ýylyň sentýabrynda herekete geçýär.

2020-nji ýylyň 27-nji sentýabrynda başlan Daglky Garabag söweşi, 2-nji Garabag söweşi atlandyryldy we Azerbaýjanyň üýtgewsiz üstünligi bilen gutardy.Bu ýerde elbetde Azerbaýjanyň strategik hyzmatdaşy we ýarany bolan Türkiýäniň beýgelýän harby güýç hökmünde ýüze çykmagynyň möhüm goşandy bar.

Türk goşunlary bilen Azerbaýjanyň goşunlarynyň arasyndaky tejribe alşygy, Türkiýäniň goranmak senagatynyň güýçlenýän mümkinçilikleriniň Azerbaýjana jomartlarça goldawy hem netijäni çaltlandyran täsire eýe boldy. 27-nji sentýabrda başlan çaknyşyklar 44 gün dowam eden bolsa, Azerbaýjanyň goşunlarynyň tehiniki güýji we tälimi, ýaragly uçarmansyz howa ulaglaryna esaslanýan täze türk harby doktrinasynyň ýerlerdäki täsiri bilen ermeni güýçleri gysga möhletde derbi dagyn edilip, Russiýanyň töwellaçylygynda gazanylan ylalaşyga razy boldular.

Ermenistanyň içindäki güýçleriň arasyndaky dartgynlyk we Paşinýanyň Russiýa bilen başdan geçiren düşnüşmezligi hem ermenileri ejizleden faktorlardan biri boldy.Netijede Azerbaýjanyň goşunlary Şuşa bilen bilelikde birnäçe sebiti Daglyk Garabagda azat edip, Laçyn koridory arkaly Ermenistan bilen Garabagyň arasyndaky baglanşygy hem gözegçilik astyna aldy.

Emma ermenileriň ýaraşyk şertnamasynyň talaplaryny ýerine ýetirmezligi, sebitdäki ýaragly aksiýlary, terrorçylykly hüjümleri we şertnamanyň bir bölegini emele getirýän Zengezur geçelgesiniň açylmazlygy sebäpli Azerbaýjanyň goşunlary gaýtadan işe girişip, giňgerimli harby operasiýa başlatdy. 24 sagat dowam eden bu operasiýa bilen sebitde galan ermeni güýçleri derbi dagyn edildi we Paşinýanyň hem goldaw bermezligi sebäpli garşylygy dowam etdirip bilmejekdiklerini görüp, boýun egmäge mejbur boldular.

Indi Azerbaýjanyň goşunlary Garabagda häkimiýeti doly ýola goýýarka ermeni ýaragly güýçleri sebiti dolulygyna terk edýär. Şeýlelikde Azerbaýjan 30 ýyldan gowrak ermeniler tarapyndan basylyp alynan territoriýasyny halas edýär.

Paşinýanyň liderligindäki Ermenistanyň öňünde bolsa 2 ýol bar.Türkiýe we Azerbaýjan bilen meselelerini indi stoluň başynda çözüp, sebitde ýerleşýän ýurtlar bilen ykdysady we syýasy taýdan integrirlenip, abadançylykdan paý alar ýa-da çaknyşyga dowam edip, ýurduna zyýan ýetirer.

Asimmetrik taýdan ejizlän we burça gabalan Ermenistanyň birinji ýoly saýlap almagy has mümkin görünýär.Emma Ermenistanyň içindäki güýç balansy we çaknyşyk bu syýasata rugsat berermi, ony aýtmak bolsa kyn.

Ýene degişli makalalar

Russiýa, Ermenistandaky Ilçisini Yzyna Çagyrdy
Azerbaýjan we Ermenistan Serhetleriň Kesgitlenmegi Hakyndaky Teswirnama Gol Çekdi
Ermenistan Serhetlerini Rus Goşunlarynyň Goramagyndan Biynjalyk
Rus Parahatçylyk Güýçleri Garabagdan Çekilmäge Başlady
Azerbaýjanda Prezident saýlawy geçirilýär
Ermenistanyň, ABŞ-nyň we ÝB-niň Arasynda Geçiriljek Maslahat Tarapsyz Çemeleşmesine Zyýan Ýetirer
Prezident Erdogan Bursada halka ýüzlenip çykyş etdi