Garabagyň Askeran Etrabynda Köpçülikleýin Gubyr Tapyldy

Garabagyň Askeran Etrabynda Köpçülikleýin Gubyr Tapyldy

Azerbaýjanyň Ýesir, dereksiz ýiten we zamun alynan raýatlardan jogapkär Döwlet komitetiniň beýannamasynda sentýabr aýynda Garabagda geçirilen antiterror operasiýasynda Hojaly gyrgynçylygynyň jenaýatkärlerinden biri bolandygy sebäpli saklanan Raşid Beglarýanyň düşündirişine laýyklykda Askeran etrabynda käbir ýerlerde gazuw-agtaryş işleriniň geçirilendigi habar berildi.

Beýannamada gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde 8 adamyň jesedi gömülen köpçüklikleýin gubyryň tapylandygy habar berilýär.

Beglarýanyň düşündirişinde 1992-nji ýylyň 26-njy wefralynda agzasy bolan garakçy toparynyň 200-e barabar Azerbaýjanlyny Askeran galasynyn golaýynda duzaga düşürip, gyrandygyny, käbir jesetleri şol ýerde gömendiklerini boýun alandygy mälim edildi.

Adybir etrapda gazuw-agtaryş işleriniň dowam edýändigi habar berildi.

Ýene degişli makalalar

Sadyr Žaparow Gyrgyzystanyň öňki Prezidentleri bilen duşuşdy
Geçen hepde başdan geçirilen möhüm wakalar
Merkezi Aziýada gan dökülen bir ýyl, wezipäniň nesle geçmek nusgasy we bäsleşiksiz saýlawlar
2023-nji ýylda Merkezi Aziýada yzarlanmaly bäş hekaýa
Unudylanlar we täçden mahrum bolanlar. Merkezi Aziýa döwletleriniň ilkinji prezidentleriniň mirasy
Serdar Berdimuhamedow Türki döwletler guramasynyň sammitine gatnaşmaz