Garabagda Ýangyç Ammarynda Partlama Boldy

Garabagda Ýangyç Ammarynda Partlama Boldy

Azerbaýjanyň Garabag sebitinde, Hankendi-Askeran ýolunyň golaýynda ýerleşýän ýangyç ammarynda partlama boldy.

Partlama sebäpli bolan ýangynda köp sanly adamyň ýogalandygy, 200-den gowrak adamyň hem ýaralanandygy nygtaldy.

Ermenistanyň resmi habarlar gullugy Armenpressiň berýän habaryna görä, düýn agşamara Hankendiniň golaýynda Askeran ýolunyň ugrunda ýerleşýän ýangyç ammarynda partlama boldy.

Garabagdaky ermeni wekilleri, partlama we ýangyn sebäpli köp sanly adamyň ýogalandygyny we ýaralanandygyny mälim etdi.

Wakada 200-den gowrak adamyň ýaralanandygy we ýaralananlaryň esasy böleginiň ýagdaýynyň agyrdygy bellenildi.

Partlamanyň sebäbi barada heniz hiç hili maglumat berilmedi.

Ýene degişli makalalar

Rus Parahatçylyk Güýçleri Garabagdan Çekilmäge Başlady
Azerbaýjanda Prezident saýlawy geçirilýär
Azerbaýjan Hankendide ermeniler tarapyndan gurulan parlament binasyny ýumurýar
Azerbaýjanyň Garabag sebitinde bolan partlamada ýogalan adamlaryň sany artdy
Garabagyň Askeran Etrabynda Köpçülikleýin Gubyr Tapyldy
Garabagdaky Taryhy we Medeni Ýadygärlikler Polis Güýçleri Tarapyndan Gorag Astyna Alyndy